Daňdanakan söweşinden soň türkmen serdarlary we begzadalary Muhammet Togrul bege wepalydyklaryna kasam edipdirler. Seljuk döwleti döredilip, ol soltan unwanyny alypdyr. 1041-1042-nji ýyllaryň altyn dinarlarynda ol «el-emir el-ajall» («örän uly emir») diýlip, atlandyrylyp ugralypdyr. Onuň «soltan» we «şalarşasy» unwanlary 1045-1047-nji ýyllarda zikge edilen teňňelerde saklanypdyr. Seljuklar döwletinde ikinji bir uly we ähmiýetli adam Ebu Süleýman Dawud Çagry beg bolupdyr. Ol eýýäm 1037-nji ýylda Merwiň eýesi hökmünde yglan edilipdir, ýöne gadymy eýran unwany «Şahanşah» («Şalaryňşasy») unwanyny kabul edipdir. Muhammet Togrul beg ony seljuk goşunynyň baş serkerdeligine belläpdir. Dawud Çagry begiň ady Demirgazyk Horasanda «hutbalarda» aýdylypdyr, ýöne «beýik soltan» onuň dogany Muhammet Togrul beg hasaplanypdyr.

1060-njy ýylda Dawud Çagry beg dünýesini täzeleýär. Onuň dul galan aýalyna köneden gelýän sähra däbine görä Muhammet Togrul beg öýlenipdir. Bu geçen asyrda hem türkmenlerde azda-kände ýerine ýetirilipdir. Lewiratyň nika hukugy köp halatlarda däbe görä urugda emlägi we patronimýany saklamaga kömek edipdir. Mundan başga-da, nika gatnaşygy Muhammet Togrul bege seljuklar tarapyndan eýelenen ýerleri ýeke-täk soltan häkimýetine birleşdirmek mümkinçiligini döredipdir. Ýöne soltan Muhammet Togrul bege hem uzak ýaşamak miýesser etmändir.

1063-nji ýylda ol aradan çykypdyr hem-de öňünçäsi mirasdar hökmünde Dawud Çagry begiň ýaşajyk ogly Süleýmany mirasdar belläpdir. Täze soltan Süleýmany döwletde öz häkimýetini saklamaga dyrjaşýan wezir Amid el-Mülk Kündiriniň baştutanlygyndaky begzadalar topary goldapdyr. Ýöne Süleýman özüne garşy durýan güýçlere, ýagny onuň uly dogany Alp Arslany tagta geçirmek isleýänlere garşy durmaly bolupdyr. Alp Arslan esasan gulamlaryň baştutanlaryna hem-de merkezi häkimýet bilen ýygjam gatnaşykly ýakynda döreden nyzamly goşuna direnipdir. Ony emirler Ýagysaýyn we Erdem we gullykçy aristokratýasyna (synpy jemgyýetde: agalyk edýän synpyň aýratyn hukukly gatlagy) daýanýan şöhratparaz Nyzam el-Mülk goldapdyr. Süleýman hem-de onuň tarapdarlary häkimýeti saklap bilmändirler. 1063-nji ýylyň gyşynda Gazwin şäherinde baş soltan hökmünde Alp Arslan yglan edilipdir.

Alp Arslanyň tagta geçmegi ozal başlanan gündogar we günbatar welaýatlaryň gatyşmagyny, ýeke-täk imperiýa öwrülmegini tizleşdiripdir we berkidipdir. Alp Arslan Bagdat tarapyndan ykrar edilipdir hem-de halyfdan Adud ed-Döwle we Zyýa ed-Din unwanlaryny alypdyr.

Seljuk ýerleriniň ýeke-täk döwletiň çarçuwasynda jebislendirilmegi çylşyrymly şertlerde geçipdir hem-de çarwa kabylalaryň tolgunmalary bilen garşylanypdyr. 1064-nji ýylda Alp Arslanyň garşysyna Gutulmyş ibn Ysaraýyl gozgalaň turzupdyr. Ol gozgalaňyň maksady Gutulmuşy soltan hökmünde yglan etmeklik bolupdyr. Gutulmyş özüniň doganoglany Alp Arslana: «Soltanlyk kanun boýunça maňa geçmeli, sebäbi meniň kakam (Ysraýyl-B.A.) urugda iň ulusy hem-de seljuk kabylalarynyň baş serkerdesi bolupdy» diýip, ýüzlenipdir. Bellenmeli delil, Gutulmyşy türkmen kabylalarynyň agramly bölegi goldapdyr. Ol agramly bölek soltan Alp Arslanyň ýöredýän syýasatyndan närazy kabyla baştutanlarydy. Ýöne, pelegiň çarhyna yzyna aýlap bolmaýşy ýaly, Gutulmyş ibn Ysraýyla seljuk tagtynda oturmak miýesser etmändir.

Orta asyr çeşmeleri Alp Arslany «beýik basybalyjy» hökmünde häsiýetlendirýärler. Oňa çeşmelerde teswirlenşi ýaly «bir müň iki ýüz patyşa» boýun egipdir. Soltanyň örän ykjam roýy, ajaýyp keşbi bolupdyr. Alp Arslan ussat pälwan, ökde, atyň üstünde urup bilýän ýaýçy hasaplanypdyr. Onuň on ýylky hökümdarlygynda oba hojalygy mundan beýläk hem ösüpdir, hünärmentçili we şäher durmuşy janlanypdyr. Muňa şol wagtlarda Orta Aziýany, Eýrany we Owganystany Uzak Gündogar, Hindistan hem-de Kiçi Aziýa bilen baglanyşdyran söwda gatnaşyklary ýardam edipdir. Bu söwda ýollarynyň ugrunda ýerleşen uly şäherlerde daşary ýurtly söwdegärleriň, şol sanda hindileriň we wizantiýalylaryň täze etraplary döräpdir. Alp Arslan hem-de Seljuklaryň köşgünde raýat we harby gullukda öňe saýlanan begzadalar 1064-nji ýylyň wakalarynyň gaýtalanmagyndan çekinipdirler. Öz egindeşlerine daýanyp soltan tagty özüniň göni mirasdarlaryna degişli edipdir. 1066-njy ýylda Bagdat halyfynyň goldawyny alyp özüniň mirasdary («weli ahd») hökmünde kiçi ogly Mälikşany yglan edipdir. Bu dabaraly yglan edişlik, emirleriň we begzadalaryň kasamy bilen utgaşdyrylyp Merwiň golaýynda bolup geçipdir. Mundan soň höküm sürýän soltan nesliniň arasynda döwletiň welaýatlary we etraplary paýlanypdyr. Soltanyň daýysy Ynan Baýgu Mazenderany, Süleýman ibn Dawud Balhy, Alp Arslanyň ogly Arslan Arguna Horezmi, ýene bir ogly Arslanşaha Merwi beripdirler.

1072-nji ýylda san-sajaksyz seljuk goşuny ýüýän köpri arkaly bir aýyň dowamynda Amyderýadan geçip Maweannahra aralaşypdyr. Şol wagta çenli Alp Arslanyň ýazak goşunlary Buhara oazisiniň çetlerine barypdyrlar. Emma ýörüş soltanyň ölüm howply ýaralanmagy sebäpli togtadylypdyr. Alp Arslanyň wepat bolşy barada orta asyr çeşmeleri dürli maglumatlary berýärler. Olaryň birinde soltan Amyderýanyň golaýyndaky galalaryň biriniň serkerdesi Ýusup Horezmliniň, beýlekisinde takwa-batintiň golundan wepat bolandygy beýan edilýär. Has giçki çeşmelerde soltanyň «Çaharjuý welaýatynda» (häzirki Türkmenabat-B.A.) Samarkantdan ýörüte ugradylan ismailit Hudamidad tarapyndan janyna kast edilendigi ýazylýar. Orta asyr senenamaçysy Sibt el-Jauzi ýokardaky wersiýalary getirmek bilen Alp Arslanyň Buharanyň golaýyndaky Birun galasynda öldürlendigini habar berýär. Wepat bolan soltany Horasana getiripdirler hem-de Merwde kakasy Dawudyň ýanynda jaýlapdyrlar.

Entek soltan dirikä mirasdarlyga yglan edilen Mälikşa tagta geçipdir. Orta asyr senenamaçylary onuň dolandyran wagtyny «seljuk şanesliniň ýazy» diýip, atlandyrypdyrlar. Bu berlen bahada ideallaşdyrma, ýagny bolşundan gowy edip görkezme bar bolsa-da, onuň dolandyran ýigrimi ýylyny (1072-1092 ýý.) Seljuklar döwletiniň hemmetaraplaýyn has ösen wagty hasaplap bolýar. Bu esasan ýeke-täk uly imperiýanyň jemgyýetçilik we medeni durmuşynyň ösüşiniň oňyn taraplary bilen düşündirilýär. Soltan Mälikşa barada diňe musulman senenamaçylary däl, eýsem, ermeni taryhçylary hem ýokary baha berýärler. Mayweý Edesseli soltanyň ermeni ruhanylaryny salgyt tölemekden boşadandygyny belleýär. Munuň özi soltanyň Kawkazyň we Kiçi Aziýanyň sebitlerinde dini-takwa syýasatyny gaty bir jebis tutmandygyny aňladýar. Biziň wagtymyzyň taryhçylary Mälikşanyň hökümdarlygyna we aýratyn-da onuň weziri Nyzam el-Mülkiň işjeňligine juda oňyn baha berýärler. Mälikşa we onuň esasy diregi Nyzam el-Mülk şol zabun döwrüň döreden şahslary bolupdyrlar. Olaryň ikisi-de gerek halatlarynda höküm sürýän şaneslini goramak üçin islendik böwedi ýarypdyrlar. Muňa garamazdan Mälikşanyň soltanlygy we Nyzam el-Mülkiň döwlet işjeňligi Seljuklar döwletiniň taryhynda aýratyn orny eýeleýär. Agyr jepaly açlyk ýyllara, epidemiýa garamazdan, ol tutuşlygyna alanyňda ykdysady gatnaşyklaryň has öňe ilerlän döwri hökmünde häsiýetlendirilýär.

Dowamy bar...