Hormatly Prezidentimiziň çäksiz aladasy bilen gözbaşyny gadymyýetden alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli Nowruz baýramy durmuşymyza mäkäm ornaşdy. Nowruz — iň gadymy baýram bolup, ol türkmen halkynyň söýýän, hatyralaýan baýramlarynyň biridir. Bu baýramçylykda merdana türkmen halkymyzyň däp-dessurlary, urp-adatlary, yrym-ynançlary öz ajaýyplygy bilen şöhlelendirilýär. Nowruz baýramçylygy tebigatda janlanyşyň başlanýandygy bilen baglanyşdyrylýar. Täze ýylyň ilkinji güni hökmünde bellenilýän Nowruz ýere ýyly gidip, ekiş döwrüniň gelendigini, dünýäniň lälezarlyga öwrülendigini aňladýar. Nowruz güni gije bilen gündiziň deňleşýän günüdir. 
Nowruz baýramçylygynda türkmen halkynyň bereketli saçagy giňden ýazylýar. Ol dürli-dürli tagamlar we şirin-şeker nygmatlar bilen bezelýär. Esasan hem gök ösümliklerden taýýarlanan tagamlar uly orna eýedir. 
Türkmen halkynyň ruhy dünýäsinde ýedilik san rowaçlyk getirýän şowly san hasaplanylýar. ªonuň üçin Nowruz saçagynda hem ýedi görnüşli, ýagny, bugdaýdan, arpadan, darydan, tüwüden, mäşden, noýbadan, nohutdan bişirilen tagamlar goýulýar. Olar: semeni, palaw, mäşewe, köje, süýtlaş, dänik, noýbaly unaş ýaly milli tagamlardyr.  
Ýedi aşyň başy hasaplanýan semenini enelerimiz uly yhlas bilen taýýarlapdyrlar. Ol ýazlyk bugdaýyň dok dänelerinden edilýär. Semeni gaýnadyljak bugdaýyň ölçegi öz islegiňe we gabyňa görä taýýarlanylýar. Bugdaýyň mukdary gaba salnyp hasaplananda täk san bilen ölçenilýär (ýedi käse, dokuz käse we ş. m.). Saýlanan bugdaýy arassalap, tä durlanýança gowy ýuwmaly. Soňra ýuwulan bugdaýa batar-batmaz azrak suw guýup, bir gije açyk halda goýup, ir bilen jamdaky bugdaýyň suwuny syrykdyryp aýryp, ýalpak agaç gaplara ýa-da aş tagtasyna ýaýratmaly. Ony günüň şöhlesi düşmeýän aram ýylylykdaky otagda goýmaly. Bugdaý ýerleşdirilen gaplaryň bir tarapy ýapgyt edilip goýulýar. Suw sepilende bugdaýly gabyň düýbüne artykmaç suw ýygnansa, heňlemek bilen bolýar. Bugdaý ýerleşdirilen otag çalaja howalandyrylyp we yşyklandyrylyp durulýar. Semeni gaýnatjak bugdaýymyz şeýle usulda, ideg edilip ýetişdirilýär. Semenilik bugdaýlaryň ýetişen ölçegi barmaklarymyzyň bir ýarym bogun ölçeginde kesgitlenilýär. Eger bugdaýyň maýsajyklary ösgün bolsa, semeni ajymtyk kakyp bilýär. Semeni bişiriljek ýere olaryň iň ýakyn adamlary, goňşy-golamlary un ýa-da süýji-köke ýaly naz-nygmatlary alyp gelýärler we gyzyklanma bilen gatnaşýarlar. Halkymyzyň toý-baýramlarynyň şaýady bolýan mukaddes kendirik ýazylýar. Kendirigiň üstüne ýedi çörek goýlup, üstüne köke-süýji paýlanýar. Soňra semeniniň gowy bolmagyny diläp, doga okalýar. ªol çörekleriň biri balyga, biri-de ýetime diýlip goýulýar. Galan çörekler myhmanlara goýlup, saçaga äberilýär. 
Şatlyk-şowhun bilen semeni bişirilmäge başlanylýar. Semeni bişirmeklik edep-terbiýeli, arassa, halal, hormatlanýan zenana tabşyrylýar. Bugdaý ösüntgileri kiçijik böleklere bölünip, agaç sokuda ýenjilip döwülýär ýa-da üwelýär. Döwülen bugdaýyň üstüne suw guýup, ol gowy sykylyp aýrylýar. Şeýdip, birnäçe gezek gaýtalanýar. Bugdaýdan alnan süýt şiresini süzüp, gazana guýulýar. Her on litr süýt şiresine üç kilogram ýaly un guýulýar. Bu usuly her kim özüçe ulanýar. Bugdaýyň suwy un bilen gowy garyşandan soň, gazanyň aşagyna ot ýakylýar. Ody ýakmak şol rysgal-döwletli ojagyň başy, ýaşulusy hasaplanýan erkek adam tarapyndan ýerine ýetirilýär. Gazandaky suwuklyk gaýnamanka, içine ortaça ýedi sany daş atylýar. Bu düýbüne ýelmeşmez ýaly, semeni bişirýän öýüň rysgal-döwleti, abraýy daş ýaly berk bolsun diýip, yrym edilýär. Gaýnap başlandan soň, oňa täk sanda hoz atylýar. Bu rysgal-döwletliligiň, agzybirligiň hoz ýaly berk bolsun diýen yrym-ynançlary bilen düşündirilýär. Ýene-de yrymna ýagşy diýlip, semenä kiçi bölejik nabat süýjülik atylýar. Bu hem agzybirlikden, birek-birege bolan hormatdan, süýjülikde gatnaşmakdan nyşandyr. Semeni ortaça otda on iki sagat gaýnadylýar. Semeni gaýnadýan zenan bilen bilelikde gelin-gyzlaram gazanyň başyndan aýrylman gowy arzuw-dilegler edip, gezek-gezegine bulap durýarlar. Semeni taýýar bolýança gerek mukdarda suwy berilýär (kä ýerlerde ýedi gezek suw berilýär). Semeni taýýar bolup gelýärkä, ýagny 30-40 minut galanda, onuň ody haýalladylýar. 
Semenini bulanymyzda, susaga agram berse, susakdan kynlyk bilen syryksa, ýa-da kepgir semeniniň içinde dik dursa onuň mazaly taýýar bolandygyndan habar berýär. Gazanyň gapagyny ýapmak hem uly däp-dessurlar bilen ýerine ýetirilýär. Gazan ýeke durmaz ýaly onuň çala açylyp goýlan gapagynyň üstüne bir çörek bilen pyçak goýulýar. Ýagşy niýetleri arzuwlap, üsti saçak bilen ýapylýar. 
Irden Äşe-Patmanyň rugsadyny sorap, “Bissimilla” diýip, gazanyň gapagyny kim ilki açsa, şol hem Äşe-Patmanyň elleriniň yzyny tagamyň ýüzünde görýärmiş we onuň arzuwlary hasyl bolýarmyş diýen ynanç bar. Semeniniň açylyş dabarasyna gatnaşýan adamlar gazan başynda, susaga alnan tagamdan süýem barmaklary bilen üç gezek dadyp, her kimiň eden arzuw-dilegleriniň hasyl bolmagyny dileýärler. Soň semenini ýedi öýe paýlaýarlar. Galany myhmanlara, goňşy-golamlara, tanyş-bilişlere hödür edilip, toý saçagyna beýleki tagamlar bilen bile goýulýar. Bu Äşe-Patmanyň aşy hasaplanýan semeniden datmak, birek-birege hödür etmek sogap hasaplanýar. Semeni taýýarlan öýüň rysgal-berekedi artýar, uly abraýa, hormata eýe bolýar. 
Ynha, Nowruz baýramçylygy bilen bagly şular ýaly edep-däplerimiz nesillerden-nesillere geçip, häzirki günlerimize çenli täze mana, täze ýalkyma eýe bolup, dowam edip gelýär. 
Nowruz baýramyňyz gutly bolsun, mähriban ildeşler!