Senagatyň ösmegi

1_7     Arkadagymyzyň taýsyz tagallalary esasynda mähriban Watanymyz- Türkmenistan ähli pudaklar boýunça ösýär. Şol sanda ýeňil senagaty hem bedew bady bilen öňe barýar. Bu ugurda Türkmengala etrabynda hem birnäçe döwlet derejesindäki senagat kärhanalary işe girizildi.

Ýeňil senagatynyň öňdebaryjylarynyň biri bolan Türkmengala etrabyndaky Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky egirme fabrigidir. Bu kärhana Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň garamagyndadyr. Bu ýerde ýokary hünärli, iş başarjaň hünärmenler zähmet çekýärler. Ady agzalan egirme fabrigi bir gije-gündiziň dowamynda 18 tonnadan gowrak pagta süýümini işläp bejerýär. Bu kärhananyň öndürýän önümi halkara ülňülerine doly gabat gelýär. 

Şonuň üçin hem, bu kärhananyň önümlerine hyrydar ýylyň- ýylyna artýar. Işläp bejerilen önümiň ýarysyndan gowragy daşary ýurtlara eksport edilýär. Iberilýän ýurtlaryň arasynda esasy Russiýa Federasiýasy, Turkiýe respublikasy, Gyrgyzystan we Ewropa döwletleriň birnäçesini mysal getirip bolar. Galan 50 göterim önüm Türkmenistanyň dürli kärhalarynda we dokma senagatynda ulanylýar.

Garaşsyz döwletimizde ady agzalan fabrikden başga ýene-de 15 fabrigiň bardygy guwandyryjydyr. Bu kärhanalar Türkmenisatnyň ýeňil senagatynyň özeni bolup hyzmat edýär.

2_1

 

3_0

 

4_0

 

5

 

6