SENET — ELIŇ  ALTYN  BILEZIGI

                                                 

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi we Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen bilelikde tassyklanan düzgünnama esasynda welaýatymyzyň 14-30 ýaş aralygyndaky ýaşlarynyň gatnaşmagynda “Senet — eliň altyn bilezigi” atly sergi bäsleşiginiň welaýat tapgyryny geçirdi.

Bäsleşige gatnaşyjylar halkymyzyň baý mirasyny, medeni gymmatlyklaryny, däp-dessurlaryny şöhlelendirýän senetçiligiň we milli el işleriniň dürli görnüşleri boýunça ýerine ýetiren işlerini hödürlediler. Bäsleşigiň welaýat tapgyrynda ýeňiji bolan ýaşlar döwlet tapgyrynda geçiriljek bäsleşige gatnaşmaga hukuk gazandylar.

Bäsleşikde ýeňiji bolanlara şeýle hem gatnaşyjylara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat geňeşi tarapyndan gymmat bahaly ýadygärlik sowgatlary we Hormat hatlary gowşuryldy.