Hormatly Prezidentimiz türkmen halkynyň şöhratly taryhyna uly sarpa goýýar. Gahryman Arkadagymyzyň maddy we medeni mirasymyzy öwrenmek, gorap saklamak we wagyz etmek işlerinde nusgalyk göreldesine eýerip, taryhçy alymlar ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän, öz döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň wajyp nokatlary bolan taryhy ýadygärlikleriň birnäçesinde arheologik-barlag işlerini geçirýärler. Olaryň içinde Nusaý, Abiwerd, Sarahs, Merw, Köneürgenç ýaly gadymy dünýäniň merjeni hasaplanan ýadygärlikleri bellemek bolar.

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh we arheologiýa institutynyň taryhçylary we arheologlary tarapyndan gadymy Amul, Paryzdepe, Şährihaýbar, Şähristan arheologiýa ýadygärlikleri bilen bir hatarda, Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Isgender obasynyň golaýynda ýerleşýän Isgendergala ýadygärliklerinde-de köptaraplaýyn ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Bu ýadygärlikde gazuw-agtaryş işleri geçirildi hem-de oba ilatyndan etnografik maglumatlar ýygnaldy. Ýygnalan etnografik maglumatlaryň habar bermegine görä, Isgendergala ady miladydan öňki IV asyrda ýaşap, dünýäniň uly bölegini öz içine alýan döwleti esaslandyran Aleksandr Makedonlynyň ady bilen baglanyşyklydyr.

Bereket etrabynyň Gulmaç obasynyň ýaşaýjysy Türkmenistanyň ussat mugallymy, mirasgär Hangylyç Tagangylyjow we Bereket etrabynyň S.Myradow adyndaky 2-nji orta mekdebiniň taryh mugallymy Baýgylyç Garajykow halk arasyna ýaýran şeýle rowaýaty gürrüň berdiler: «Aleksandr Makedonly Ahemeniler goşunyny ýeňenden soňra, agyr goşun bilen Köpetdagyň demirgazygyna geçýär. Şonda onuň öňünden ýerli halkdan düzülen 500 atly çykyp, makedon goşunyna darkaş gurýar. Isgenderiň san-sajaksyz agyr goşunyna bu atlylary ýeňmek kyn düşmändir. Makedonlylar ýerlileriň köp bölegini Aleksandryň gaşyna getiripdirler. Meşhur Aleksandr olary jezalandyrmagy buýrupdyr. Şol pursat ýerli serkerde Aleksandra ýüzlenip: «Daňylgy adamy jezalandyrmak üçin uly edermenlik gerek däl. Biz üçin söweşip wepat bolmak iň abraýly derejedir. Isgenderiň goşuny bilen boý ölçeşmek meniň üçin uly hormatdyr. Size garşy urşa çykmazdan öň ogluma: «Eger men söweşde wepat bolsam, agtygymyň ady Isgender bolsun» diýip, wesýet etdim. Biz bu gün siziň hormatyňyza at oýnatdyk, bu biziň sizi garşylaýyş dabaramyzdy» diýýär. Aleksandra ýerli serkerdäniň merdem ýüzlenmesi täsir edýär. Aleksandr Makedonly ýesirleri boşadyp, ylalaşyga gelýär. Ol ýerli halkyň batyr we gaýratlydygyna göz ýetireninden soň, bu ýerden öýlenip, ylalaşygyny garyndaşlyk baglary bilen berkidipdir we kiçiräk gala saldyrypdyr. Şol günden bäri hem galanyň ady Isgendergala diýlip atlandyrylypdyr».

Ýurdumyzyň çäginde Aleksandr Makedonlynyň ady bilen baglanyşykly ençeme ýadygärlikler bar. Şeýle ýadygärliklere Lebap welaýatynda has köp duşmak bolýar. Geçmişde ýurdumyzda belli taryhy döwürlerde ellin medeniýetiniň gülläp ösendigini arheologiýa maglumatlary subut edýär.

Isgendergalada henize çenli, sözüň doly manysynda, arheologik gazuw-barlag işleri geçirilmändir. Meşhur arheolog Hemra Ýusupow bilen bu gala barada bolan gürrüňdeşlikde, ýadygärlige XX asyryň 60-njy ýyllarynda A.A.Maruşenkonyň baryp görendigini, emma gazuw işleriniň geçirilmändigini aýdypdy. Isgendergala barada edebiýatlarda we çeşmelerde häzire çenli maglumatyň azlygy bu taryhy ýadygärligiň öwrenilmeginiň wajyplygyny artdyrýar.

Isgendergala ýadygärligi Balkan welaýatynyň Bereket etrabynyň Gulmaç obasynyň golaýynda ýerleşýär. Onuň meýdany 70x70 m barabardyr. Häzirki gün saklanyp galan diwarlarynyň beýikligi 2—5 m deň. Gala inedördül görnüşde bolup, dünýäniň dört künjegine bakdyrylyp salnypdyr. Geçirilen deslapky barlaglar Isgendergalanyň girelgesiniň demirgazyk tarapynda bolandygyny çaklamaga esas döredýär.

Ýadygärligiň arhitektura gurluşy we ýerleşýän ýeri öz döwründe bu galanyň beket, daýanç nokady, habar beriş nokady we çaparçylyk ýaly harby maksatlar üçin ulanylandygyny aýtmaga esas berýär. Onuň gadymy Farawa (Paraw) şäherine ýakyn bolmagy hem şol çaklamalary güýçlendirýär. Paraw şäherinden takmynan 9 km günbatarda ýerleşýän Isgendergala bu ýere günbatardan we günortadan gelýän kerwenleriň goragynda, howply ýagdaýlarda habar beriş nokady hökmünde ýerli häkimler tarapyndan wezipe berlen esgerleriň saklanan ýeri bolmagy hem mümkindir.

Türkmenistanyň çäginde bar bolan dürli döwürlere degişli desgalaryň içgin öwrenilmeginiň taryh ylmynyň birnäçe wajyp meselelerine jogap tapmaga ýardam berjekdigi anykdyr. Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşen we gülläp ösen uly şäherler bilen bir hatarda Isgendergala, Paryzdepe, Garawuldepe ýaly kiçi göwrümli galalaryň hem sebitiň ykdysady we medeni ojagy bolan söwda ýollarynyň bökdençsiz işlemegine öz goşandyny goşandygy ikuçsuzdyr. Hut şol sebäpli hem şeýle ýadygärlikleriň öwrenilmegi ýurdumyzyň baý taryhynyň täze sahypalaryny açyp görkezýär.