Soltan Sanjar

ss.jpg

    Merw seljuklaryň, aýratyn-da ony beýik Seljuklar döwletiniň paýtagtyna öwren Soltan Sanjaryň dolandyran döwründe özüniň ösüşiniň iň ýokary derejesine ýetipdir.

    Beýik Seljuklar döwründe Merwde örän uly gurluşyklar ýaýbaňlandyrylypdyr we onuň tutýan meýdany 1500-1800 ga ýetipdir. Şol ymaratlaryň içinde Soltan Sanjaryň kümmeti özüniň gözelligi bilen göreni haýran edip gelýär. Orta asyrlarda bu binanyň owazasy „dünýädäki iň uly jaý“ diýlip, äleme dolýar. Ýadygärlik XII asyryň ortalarynda gurlupdyr. Ol taraplary 27 metr ölçegdäki inedördül görnüşinde gurlup, üsti mawy reňkli belent gümmez bilen örtülipdir. Bina taraplary 24-25 sm, galyňlygy 5 sm bolan inedördül bişen kerpiçden örülipdir. Kümmetiň içki diwarlarynda çuň aýmançalar, diwarlaryna altyn çaýylyp ýazylan ýazgylar ýerleşdirilipdir. Ýadygärligi sarahsly binagär Muhammet ibn Atsyzyň we onuň şägirtleriniň gurandygy barada maglumatlar saklanyp galypdyr. Gurluşyga XI-XII asyr türkmen binagärçilik sungatynyň milli gurluşyk äheňleriniň naýbaşy gazananlarynyň sazlaşygy hökmünde baha berilýär. Soltan  Sanjaryň   mawzoleýiniň     „depesiniň  mawy  reňkli  gümmezi  bir  günlük  ýoldan  görünýär“    diýlip  tarypy  ýetirilen  ymaratdyr.

             Mälim  bolşuna  görä,  şeýle  äpet  we  üýtgeşik  ymaratyň  dik  başyny   peseltmek,  oňa  nähilidir  bir  hyýanat  etmek,  hatda  başarsalar  ony  ýer  bilen  ýegsan  etmek  üçin  geçmişde,  gör,  näçe  synanyşyklar    edilipdir.

            Emma,  adam  aňynyň  keramatyndan  emele  gelen  bu  üýtgeşik  ymarat  welin,   gözellik  diýen  zadyň  bakydygyny,  ony  hiç  bir  ýamanlygyň,  jeň-gowganyň   basmarlap  bilmejekdigini   ýer  ýüzüne   jar  edip,   gaýduwsyzlyk  bilen      biziň   günlerimize  gelip  ýetipdir.

            Soltan  Sanjaryň   mawzoleýiniň     häzirki   durkuny  synlap  oýa  batýaryn.  Ol  köp  asyrlyk  gazaply   söweşlere  gatnaşyp,  başyndaky   mawy   telpegini  aldyran,  üstündäki   söweş  sawudynyň  hem  şylhasy  çykan   ýeňiji   esgere  çalym  edýärdi.

       Ösen  orta   asyr  Merwi   külli   Horasanyň   ýer    ýüzüne  ýaň  salan  gözel  paýtagt  şäheri   bolupdyr.  Oňa   çar  ýandan  gelýän  gatnawly   söwda-aragatnaşyk  ýollary,   dünýäniň  dürli  ýurtlaryny   özüne   çekip,  Merwiň   ykdysadyýetiniň   görlüp-eşidilmedik  derejede   pajarlap  ösmegine,  bu  şäheriň  dünýäniň  iň  uly   medeni   merkezleriniň  birine  öwrülmegine  getiripdir.   Oňa   dürli ýurtlaryň   wekilleri  diňe   syýahat  etmek  bilen  ýa-da söwda-satyk  işleri  bilen gelmän,  eýsem   dünýä  täzeliklerini  eşidip  bilmek  üçin  hem  ýörite  gelipdirler. 

       Merw  olary  diňe  özüniň  bolçulygy  ýa-da  ylmy  medeni  maglumatlara  baýlygy  bilen  haýran  galdyrman,  eýsem  syrçasy  gözüňi   deşip  gelýän  başlary  gümmezli  biri-b    irinden  belent,  biri-birinden  owadan  hem   kaşaň  binalary    bilen  hem  haýran  galdyrypdyr.   

      Şol  weýrançylykly   gozgalaňlardan  soň   Merwiň   ähli  binalarynyň  içinde    ýan   bermän  başyny  dik  saklap  bilen  ýekejesi  bolup,   ol  hem  Soltan  Sanjaryň   mawzoleýidir.   Beýleki  ymaratlara  garanda,  Soltan  Sanjaryň   mawzoleýini  ýer   ýüzünden  ýok  etmek  üçin   garakçy  goşunlaryň  aşa  yhlas  edendigi  belllidir.    Muny  mawzoleýiň  daşky   eleşan  görnüşinden  hem  görmek  bolýar.   

          Her  halda   mongol  goşunlary   gala   ýumrujy  maşynlaryny  ilki  göwün  solpudan  çykýançalar,   halys   surnugýançalar  işletseler-de,   her   näçe  zabun  bolsalar-da    bu   ägirt  ymarata  olaryň  dişi  ötmändir.   Olar   Soltan  Sanjaryň   mawzoleýini   ýumurmakdan  ejiz   gelipdirler.  

          Halk  talantynyň   güýji,  ajaýyp   ymaratçy   arhitektor  Muhammet   ibni  Atsyzyň  döredijilik  gudraty  iň  bir   zabun   weýrançylykdan  hem   üstün   çykypdyr.  

    Soltan  Sanjaryň   mawzoleýi    orta  asyr   ussalarynyň   Günorta  Türkmenistandaky   gurluşyk   sungatynyň  iň  bir  naýbaşy   nusgasy  hasaplanylýar.  Onuň  gurlan  döwri,   orta  asyr   Merwiniň  gül-pürçük   bolup  ösen  döwrüne  gabat  gelýär.  

         Soltan  Sanjar   ölenden  soňra,  onuň  öz  wesýetine  eýerilip ,   jesedini   mawzoleýiň  içki  meýdançasynyň  ortasynda  jaýlapdyrlar.   Guburyň   ýüzündäki   ýüzi  hatly   mermer  daş   biziň  asyrymyzyň   başynda  Güljemal   han  tarapyndan   goýlupdyr  we   onuň   haýyşy  boýunça   şol  döwrüň  sowatly   adamy   Annagylyç   ahun  hem-de   Babajan  işan  diýen  adamlar  ýazypdyrlar.   

          Binaçynyň  täsin  ussatlygynyň   ýene  bir  aýdyň   mysalyny  onuň  mawzoleýiň  süňňüne  örän  köp  mukdarda  siňdiren  dini   häsiýetli   ýazgylaryny  görmek  bolýar.  Ymaratyň   çar  tarapynda   içinde   we  daşynda   görnükli  ýerlerde  ýerleşdirilen   şol   ýazgylar  arap  hatynyň  mufi   usulynda   bolup,    olar  iki  hili  hyzmaty  ajaýyp   dekoratiw-bezeg  hyzmatyny  hem-de   ýaýratmak  hyzmatyny  ýerine  ýetirip   gelipdirler. Gadymy Merw ýadygärlikler toplumy1999-njy ýylda ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna (№886) goşuldy. Ol umumadamzat gymmatlygy hökmünde Türkmenistanyň degişli kanunlary we ÝUNESKOnyň Bütindünýä mirasyny gorap saklamak baradaky Konwensiýasynyň esasynda goralyp saklanýar. Bu ýagygärlikler toplumy Türkmenistandan bütindünýä gymmatlygy bolan sanawa goşulan ilkinji nusgadyr. Ol aşakdaky dünýä gymmatlyklaryny özünde jemleýär: – Merw ýaýlasynyň (oazisiniň) şäherleri 4 müňýyllygyň dowamynda Merkezi Aziýa we Eýran medeniýetleriniň ösüşine özüniň güýçli täsirini ýetiripdir. Esasan hem, Seljuklar şadöwletiniň paýtagty Merw şäheri binagärçilige we binadyr desgalary haşamlamak sungatyna hem-de ylmy-medeni ösüşlere uly goşant goşupdyr. – Merw ýaýlasynyň şäherleriniň düýbüniň tutulyşy we toplumy, olaryň gorag berkitmeleri birnäçe müňýyllyklaryň dowamynda Merkezi Aziýanyň siwilizasiýalarynyň ösmegine ajaýyp nusga bolup hyzmat edipdir.