Welosport-sagdynlyga tarap badalga!

Hormatly Prezidentimiz tarapyndan durmuşa geçirilýän her bir işde, ýurdumyzy ähli ugurlardan ösdürmek, her bir adamyň eşretli durmuşda ýaşaýşyny üpjün etmek baradaky alada öz beýanyny tapýar.

GREK — RIM GÖREŞINiŇ ÝEŇIJILERI

Etrabymyzda şeýle sport mekdepleriniň 2-si bolup, olarda sportuň dürli görnüşlerinden türgenleriň ýüzlerçesi ussatlardan tälim alýar. Etrabymyzdaky 1-nji sport mekdebiniň türgen ýaşlary ussat tälimçi Güýçgeldi Atabaýewden tälim alyp, grek-rim göreşi boýunça gazanýan ýeňişleri bilen guwandyrýarlar. Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramyna bagyşlap, grek-rim göreşi boýunça welaýatyň birinjiligini almak ugrunda ýaryş geçirildi.

FUTBOLÇYLARYŇ ÝARYŞY

Gahryman Prezidentimiziň ýurdumyzda bedenterbiýäni we sporty ösdürmek arkaly türkmen halkynyň saglygyny goramaga we berkitmäge gönükdirilen tagallalary gowy netijelerini berýär. Sportuň dürli görnüşleri bilen meşgullanyp, ýaryşlarda şowly çykyş edýän türgenleriň sanynyň ýylsaýyn artýandygy ýokarda ýatlanymyza şaýatlyk edýär. Şol bir wagtda sportuň ösdürilmegi jemgyýetimizde sagdyn durmuş ýörelgesiniň dabaralanmagyna-da itergi berýär.

WELOSIPEDLI ÝÖRIŞ GEÇIRILDI

Saglyk ýolunyň başlanýan ýerinden badalga alan köpçülikleýin welosipedli ýörişe gatnaşan ezber türgenler bellenilen menzili ruhubelentlik bilen geçmegi başardylar. Şeýlelikde, ýörişe gatnaşyjylary Mary şäheriniň merkezine bezeg berip oturan «Mary» myhmanhanasynyň öňündäki meýdançada welaýatymyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, bilim, saglyk, sport ulgamlarynyň işgärleridir welaýatymyzyň ýaşaýjylary uly joşgun bilen garşy aldylar. Bir-biregiň kalbynda ýaşaýşa bolan ynamy, durmuşa bolan söýgini berkidýän sport hem-de bedenterbiýe her bir ynsany sagdyn ýaşamaga, yhlasly zähmet çekmäge ruhlandyrýar.