Şu gün Türkmenistanda Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirilýär

Şu gün - 28-nji martda Türkmenistanda möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäre — Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalarynyň ilkinji saýlawlary geçirilýär.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy bellenilýän ýylda hem-de Aşgabat şäheriniň 140 ýyllyk baýramynyň öň ýanynda geçirilýän şu saýlawlar hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen amala aşyrylýan hem-de döwletimiziň demokratik esaslarynyň pugtalandyrylmagyna, hakyky halk häkimiýetlilik ýörelgeleriniň berkarar edilmegine gönükdirilen giň gerimli özgertmeler ýolunda ýene bir ähmiýetli waka bolar.

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparda TDH habar berlişi ýaly, 26-njy martda bu möwsümiň möhüm tapgyrlarynyň biri — saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işleri tamamlandy. Saýlawlara taýýarlyk işleri açyklyk we aýanlyk ýagdaýynda, hereket edýän Saýlaw kodeksine hem-de halkara hukugynyň kadalaryna berk laýyklykda alnyp baryldy.

Türkmenistan boýunça Milli Geňeşiň Halk Maslahatynyň agzalygyna jemi 112 dalaşgär bellige alyndy. Şeýlelikde, jemi 48 mandatyň her biri üçin 2-3 dalaşgär bäsleşer, bu bolsa saýlawlaryň giň bäsleşik esasynda geçirilýändiginiň subutnamasydyr.

Dalaşgärleriň 26 göterimine golaýynyň zenanlardygyny bellemek gerek, munuň özi ýurtda gender deňligine we aýal-gyzlaryň syýasy işjeňligine aýratyn ähmiýet berilýändigini görkezýär.

Bellenilen tertibe laýyklykda, paýtagtda we welaýatlarda dalaşgärleriň saýlawçylar — welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň halk maslahatlarynyň agzalary bilen 24 duşuşygy geçirildi. Şunda ähli dalaşgärlere saýlawlaryň öň ýanyndaky wagyz işlerini alyp barmak üçin deň şertler we mümkinçilikler döredildi.

Ýurduň saýlaw uçastoklarynda doly taýýarlyk üpjün edildi, olaryň her biri öňünden saýlawlary guramaçylykly geçirmek üçin zerur derejede enjamlaşdyryldy.

Iki palataly Milli Geňeşiň döredilmegi ýurduň parlamentiniň taryhynda täze möhüm tapgyryň başlanýandygyny alamatlandyrar hem-de kanunçykaryjylyk işiniň kämilleşdirilmegine, döwlet häkimiýet edaralarynyň döwrebaplaşdyrylmagyna, jemgyýet durmuşynyň mundan beýläk-de yzygiderli demokratiýalaşdyrylmagyna ýardam berer.

Saýlawlaryň geçirilişine milli synçylaryň 440-sy öz ygtyýarlyklarynyň çäklerinde gözegçilik ederler, olaryň esasy wezipesi saýlawlaryň açyklygyny hem-de aýanlygyny, kanunçylyga laýyklygyny üpjün etmekden ybaratdyr.