Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz bedew bady bilen ynamly öňe barýar. Türkmenistan döwletimizde ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetilýär. Şonuň ýaly-da oba hojalyk pudagynda gazanylýan özgertmeler özüniň oňyn netijesini berýär. Bu pudakda zähmet çekýän babadaýhanlar üçin ähli şertleriň döredilmegi, olaryň çekýän asylly zähmetlerine ýokary baha berilmegi we ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň agrosenagat toplumynyň pudaklarynyň kämilleşdirilmegi bu ulgamyň beýik sepgitlere ýetmegine itergi berýär. Türkmen daýhany her bir ýyly zähmet üstünlikleri bilen jemlemekligi maksat edinýär. Edil şonuň ýaly, tamamlanyp barýan Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda hem tarypa mynasyp işler alnyp baryldy. Ýagny, welaýatymyzyň oba hojalykçylary pagtadyr bugdaýyň, gant şugundyrynyň, gök-bakja ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirdiler. 

Olar geçen ýylyň güýzünde 170 müň gektar ýere ekilen bugdaýyň idegini kemsiz ýetirip, dokmaňyz däneleri ýetişdirip, hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan alyp berýän ýokary öndürijilikli, kuwwatly kombaýnlary bilen ir gözünden orak möwsümini tamamlap, 345 müň tonnadan gowrak dänäni Watan harmanyna tabşyrdylar. Şeýle hem 180 müň gektar ýerde gowaçanyň bereketli hasylyny ýetişdirip, bir hanasyny hem yrýa etmän, dokma senagatynyň çig maly bolan «ak altynyň» 365 müň tonnadan gowragyny ýygnadylar. 

Şeýle-de bir ýerden iki hasyl almagy maksat edinýän kärendeçiler «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşyp, 14900 gektar ýerde gant şugundyrynyň bol hasylyny ýetişdirdiler. Olar şu günler ýetişdirilen aralyk ekin bolan gant şugundyryny ýygnamak işleri bilen meşgul bolýarlar. 

Aslynda, gyş pasly işiň böwşeňleşýän pasly hasaplanýar. Ýöne, daýhan üçin ýylyň islendik wagtynda edere iş tapylýar. Ýagny, ýapdyr salmalary arassalamaly, esasan hem ak ekiniň idegini ýetirmeli bolýar. Bu işlere hakyky daýhan bişişen bolýar. 

Gyş paslynyň dowam edýän günlerinde meýdanda geljek ýylyň hasyly bolan ak ekiniň idegi gyzgalaňly dowam etdirilýär. Olar ak ekini mineral we himiki dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işini geçirýärler. Şu günlerde käwagt ýagýan ygal hem topragy yzgarladyp, bugdaý maýsalarynyň gowy boý almagyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär. Mundan başga-da, gowaçadan boşan meýdany çöplerden arassalap, sürüm geçirýäris. Iýmitlendiriş, sürüm işleri geçirilende kuwwatlylygy ýokary bolan tehnikanyň güýjüne daýanylýar. Bu bolsa ýerine ýetirilýän işiň has hem netijeliligini gazanmaga ýardam edýär. Garaz, daýhan adam bu günki hereketiň ertir bereket bolup geljekdigine örän oňat düşünýär. Şonuň üçin ol alnyp barylýan her bir möwsümleýin işi öz wagtynda ýerine ýetirmäge çalyşýar. 

Biz hem ykbalyny topraga baglap, zähmet çekýän babadaýhanlara kesbinden kemal tapmagyny, ýetişdirýän bugdaý maýsalarynyň dokmaňyz däneler bolup gaýdyp gelmegini arzuw edýäris.