Ekerançylyk ýerlerinde ekin dolanyşygyny ýola goýmak, topragyň hasyl berijiligini artdyrsa, beýleki tarapdan, daýhanyň girdejisini goşalandyrýar. Şeýlelikde, her iki ýyldan bugdaý, gant şugundyry, gowaça ekinleri gezekleşdirilip ekilýär. Şeýle edilmegi özüniň oňyn netijesini hem berýär. 

Biziň welaýatymyzyň toprak-howa şertleri diňe bir bugdaý, gowaça üçin ýaramly bolman eýsem, beýleki gök-bakja ekinleri, gant şugundyry üçin hem amatlydyr. Etraplaryň daýhan birleşikleriniň kärendeçileri «Maryşeker» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnama baglaşyp, bugdaýdan boşan ýerlerde gant şugundyryny ekip, onuň bol hasylyny ýetişdirýärler. 

Aslynda, gant şugundyryny ýetişdirmek hysyrdyly iş bolup, ol köp zähmeti talap edýär. Onuň ekiliş möhleti tomsuň gyzgyn günlerine gabat gelýänligi sebäpli, ekilenden soň topragyň yzgaryny ýetirmek maksady bilen suwarmak işini dessine geçirmeli. Mundan başga-da hatarara bejergi, otag, ýekeleme, iýmitlendiriş işlerini wagtly-wagtynda ýerine ýetirmeli. Ýekeleme işini geçireniňde ünsli bolmaly, ony gür goýsaň hasylynyň maýda bolmagyna getirýär. Her bir ýerine ýetirilýän işe ykjam ýapyşmaly. 

Sakarçäge etrabynyň oba zähmetkeşleri hem hasyl öndürmekde ýokary netijeleri eýeleýärler. Olar Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda-da gant şugundyrynyň bereketli hasylyny ýetişdirdiler. Etrabyň esasan «Çaşgyn», «Ýalkym», «Zähmet», «Keseýap» daýhan birleşikleri öňdebaryjylygy bilen tapawutlanýarlar. 

Çary Söýünowyň ýolbaşçylyk edýän «Ýalkym» daýhan birleşigi etrapda bugdaýdyr pagtadan daşary gant şugundyryny ýetişdirmekde adygan hojalyklaryň biri. Daýhan birleşiginiň kärendeçileri bu ýyl 135 gektar ýerde süýjülik ekiniň bitginli hasylyny ýetişdirip, şu günler ýygnamak işini güýçli depgin bilen dowam etdirýärler. Aralyk ekiniň ussatlary ýetişdiren hasylyndan meýilnama boýunça 1809 tonna önüm almagy maksat edinýärler. Olaryň meýdandaky ekinleriniň hasylyny göreniňde azaplarynyň ýerine düşjekdigine göz ýetirýärsiň. Töweregindäki kärendeçilere görelde bolup, işine ezber hasyl ussatlary sanardan köp. Güljahan Annasähedowa, Leýla Öwezdurdyýewa, Myrat Öwezdurdyýew dagy bu ekini ýetişdirmekde tejribe toplan kärendeçiler. Olar öz goňşy kärdeşlerine bu ekiniň bitginli hasylyny kemala getirmegiň inçe syrlaryny öwredýärler. Onuň syry her bir ekinde bolşy ýaly, wagtynda ekilip, agrotehnikanyň talaplaryna görä suw tutmak, iýmitlendiriş işlerini geçirmek düzgünlerini, himiki serişdeleri her gektara görä bermegiň möçberini bilmekdedir. Esasan hem alyp barýan işiňe höwesiň bolmalydygyny nygtaýarlar. Bu hasyly ýetişdirmekde, ýygnamakda kärendeçileri daýhan birleşigi, «Maryşeker» kärhanasy tehnika bilen üpjün edip, olara ýakyndan kömekçi bolýarlar. Olar ýygnalýan gant şugundyryny «Maryşeker» kärhanasyna tabşyrýarlar.

Nesip bolsa, hasyl ussatlarynyň ýetişdiren süýjülik ekininden taýýarlanan önümler Täze ýyl baýramçylgynda bereketli saçaklarymyzyň üstüni bezär.