Ir döwürde bir ýolagçy ýabyň boýundaky ýodadan ýöräp gelýär ekeni. Bir obanyň gabadyndaky güzeriň boýuna ýetende, suwdan bir gara kelle çykyp adamzat dilinde: 

— Wagt boldy, Wahyt welin gelmedi — diýýär ekeni.

 Ötegçi güzeriň başynda durup, bu ýagdaýy synlapdyr. Ne adamzat, ne haýwan bolan ol yşarat kellesini suwdan çykaryp, şol sözleri aýdyp, ýene suwa çümýär eken. Bu ýagdaý telim gezek gaýtalanandan soň, oba tarapdan bir adam ylgap gelip suwa özüni urupdyr. Ýöne ol wagty bilen suwdan çykmandyr. Ötegçi oba adamlaryny çagyrypdyr. Oba adamlary ylgap gelip, ony suwdan çykarypdyrlar. Emma ol eýýäm jan beren eken. Oba adamlary «Wah, bu Wahyt eken” diýip, başlaryny ýaýkapdyrlar. 

Olaryň arasynda Wahydyň dosty hem bar eken. Ol: «Ýaňyja bu alňasap, ylgap gelýärkä, men öýüme süýtli aş iýmäge çagyrdym. Süýtli aşdan iýdi, çaý içeli diýsem, howlugyp gaýtdy” diýipdir. Ötegçi hem gören-eşiden wakasyny oba adamlaryna aýdypdyr. Olar bolsa: «Onda munuň ajalyna suw sebäp bolmaly eken, janalyjy Ezraýyl bolsa, muňa biraz garaşmaly bolupdyr. Süýtli aş iýen pursaty bolsa, muňa sanalyp berlen ömrüniň üstüne goşulanja paý bolupdyr» diýip, netije çykarypdyrlar. 

II arasynda: «Eger süýtli aş hödürlenilse, datman gitmeli däl, eger hödürlenmese öýüniň gamşyna süýkenip geçmeli» diýen aýtgy hem bar. Bu aýtgynyň rowaýata degişlidigin-ä bilemok welin, şonda-da, çagalygymda eşiden bu rowaýatymy «Süýtli aş hikmeti” diýip atlandyrdym.