PARAHATÇYLYGYŇ DABARALANÝAN ÝURDY

Hemişelik Bitaraplygyny we özbaşdaklygyny gazanan Türkmenistan Merkezi Aziýada BMG-niň esasy ýörelgelerini ygtybarly durmuşa geçiriji bolup çykyş edýär. Türkmen Bitaraplygy dünýä çägindäki umumy meseleleriň oňyn çözülmegine köptaraply, amatly täsir edýär. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiz dünýäde parahatçylygyň, asudalygyň we agzybirligiň dabaralanýan ýurdy hökmünde giňden tanalýar.

BÄHBITLI ÇÖZGÜTLERIŇ DÖWRI

Üstümizdäki — Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň 25-nji sentýabrynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi jemgyýetimiziň durmuşynda möhüm waka boldy. Hormatly Prezidentimiziň başlyklyk etmeginde guramaçylykly geçen mejlisde döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyna degişli wajyp meseleler ara alnyp maslahatlaşylyp, olar boýunça il-ýurt bähbitli çözgütler kabul edildi. Umumymilli forumda biragyzdan kabul edilen taryhy Kararlaryň Garaşsyz, Bitarap döwletimizi durmuş-ykdysady taýdan çalt depginlerde we durnukly ösdürmekde uly ähmiýete eýe boljakdygyny nygtamak ýakymlydyr.

Syýahatçylyk

"Awaza" milli syýahatçylyk zolagy