Syýahatçylyk pudagy plastik galyndylara we hapalanma garşy çäre görýär

Dünýäniň syýahatçylyk şereketleri durnukly ösüş ýörelgelerine barha köp eýerýärler. Şunuň bilen baglanyşyklylykda, plastik galyndylary boýunça Bütindünýä syýahatçylyk başlangyjy (PGSB) hereket edýär.

Bu başlangyç plastika bilen hapalamagyň düýp sebäplerini çözmek üçin, tutuş syýahatçylyk pudagyny birleşdirýär. Bu bolsa, öz gezeginde, hökümetlere, hususy kärhanalara we beýleki gyzyklanýan taraplara zaýasyz önümçilik ykdysadyýetine geçişde görelde görkezmäge mümkinçilik berýär.

COVID-19-yň täsirlerinden halas bolunýan döwürde plastik hapalanma garşy göreş boýunça syýahatçylyk pudagy üçin mundan soň edilmeli işler baradaky teklipler, plastik täsiri azaltmagyň, bu işe üpjün edijileriň gatnaşygyny artdyrmagyň, şeýle hem amala aşyrylýan işleriň aç-açanlygyny üpjün etmegiň syýahatçylyk pudagynyň jogapkärli we durnukly dikeldilmegine möhüm goşant goşup biljekdigini görkezýär.

“One planet” atly durnukly syýahatçylyk maksatnamasynyň çäginde işlenip düzülen PGSB syýahatçylyk guramalaryndan 2025-nji ýyla çenli birnäçe anyk borçnamalary ýerine ýetirmegi, hususan-da, gerek bolmajak plastik gaplary we beýleki zatlary ýok etmegi, bir gezek ulanylýan görnüşlerden köp gezeklik görnüşlere geçmek ugrunda iş alyp barmagy we plastmassa gaplaryň 100%-niň gaýtadan ulanylmagyny ýa-da kompost edilip bilinmegini üpjün etmegi talap edýär.