Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň bilelikdäki beýannamasy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çagyrmagy boýunça Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew 2021-nji ýylyň 24-25-nji oktýabrynda Türkmenistana ilkinji döwlet saparyny amala aşyrdy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamak hakynda Permany

Garaşsyz Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň ykrar edilmeginde, Türkmenistanyň we Gazagystan Respublikasynyň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim we medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Kemelewiç Tokaýewi Türkmenistanyň «Bitaraplyk» ordeni bilen sylaglamaly.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasyndaky gepleşikler

Şu gün paýtagtymyzda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we düýn ýurdumyza döwlet sapary bilen gelen Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Özbegistan Respublikasynyň saýlanan Prezidentini gutlady

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Şawkat Mirziýoýewe Özbegistan Respublikasyndaky Prezident saýlawlarynda gazanan ýeňşi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Kasym-Žomart Tokaýew döwlet Baştutanymyza Gazagystana türkmen gazyny ibermegi teklip etdi

Gazagystanyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçen gepleşiklerde türkmen gazyny Gazagystan bazaryna ibermek meselesine garamagy teklip edipdir.

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana döwlet saparynda bolar

Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti 24-25-nji oktýabrda Türkmenistana döwlet saparynda bolar. Bu barada sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow meýilleşdirilen döwlet saparyna görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Ýurdumyzyň wekiliýetiň agzalary Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar

Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki türkmen-eýran toparynyň nobatdaky on altynjy mejlisiniň we iki ýurduň Daşary işler ministrlikleriniň arasynda geçiriljek syýasy geňeşmeleriň işine gatnaşmak üçin, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet 2021-nji ýylyň 26 — 28-nji oktýabry aralygynda Eýran Yslam Respublikasynyň Tähran şäherinde gulluk iş saparynda bolar.

Türkmenistanyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Aral milli maksatnamasy hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemeginiň öňüni almak babatda alnyp barylýan işleriň netijeliligini has-da ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň Aral deňzi sebitiniň durmuş-ykdysady we ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak,

Türkmenistanyň Prezidenti Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibi tassyklady

Ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak we ykdysadyýetimiziň pudaklarynyň maliýe üpjünçiligini mundan beýläk-de gowulandyrmak, täze önümçilikleri, maýa goýum taslamalaryny we söwda şertnamalaryny öz wagtynda maliýeleşdirmegi amala aşyrmak hem-de ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşini üpjün etmek üçin, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini netijeli peýdalanmak hem-de Türkmenistanyň Býujet kodeksiniň talaplaryny ýerine ýetirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, Durnuklaşdyryş gaznasynyň serişdelerini maýa goýum hökmünde gönükdirmegiň Tertibi tassyklanyldy.

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan meselelerine hem-de birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.