Tebigata gadyr-gymmat goýýan halkymyzyň köpasyrlyk däpleriniň täzeçe dowam etmegine giň ýollary açýan hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ekologiýa howpsuzlygynyň üpjünçiligi döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenýär. Ynsan saglygyny goramak, jemgyýete sagdyn durmuş endiklerini giňden ornaşdyrmak işi tebigy gurşawyň abadanlaşdyrylmagyna gönükdirilen çäreler bilen utgaşdyrylýar.
Dünýä derejesinde öň hatara çykýan ekologiýa meseleleriniň çözülmegi nukdaýnazaryndan milli ýörelgelerimize eýerilip, ýaşlara janly tebigat, gigiýena hakdaky ylymlaryň çuňňur öwredilmegine, jemgyýetimizde ekologiýa medeniýetliliginiň ösdürilmegine aýratyn üns berilýär.
Şahsyýetiň tebigat bilen gatnaşygynda, daşky gurşawda özüni alyp barmagynda ekologiýa pikirini ýöretmek, özbaşdak jogapkärçilik duýgusyny kemala getirmek babatda giň möçberli işler amala aşyrylýar. okuw mekdepleri üçin niýetlenen ekologiýa we daşky gurşawy goramak boýunça okuw kitaplarynda häzirki zaman ekologiýanyň ylmy esaslary, taryhy ösüşi, kanunlary, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmekde alnyp barylýan döwlet syýasaty we halkara hyzmatdaşlygy ýaly ugurlar öz beýanyny tapýar. Ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek maksady bilen, her ýylyň ýaz hem-de güýz möwsümlerinde köpçülikleýin bag ekmegiň giňden ýaýbaňlandyrylmagy netijesinde ýaşyl zolaklaryň çägi giňelýär, täze seýilgähler emele gelýär, howanyň ekologiya derejesi ýokarlanýar.
Tebigatyň oňyn howa şertlerini, jana şypa beriji mineral we palçyk çeşmelerini peşgeş beren türkmen topragynyň şypahanalarynyň tebigy bejeriş hyzmatlarynyň hili dünýä ülňülerine laýyk gelýär. Adam tarapyndan abadanlaşdyrylan, ähli amatlyklar bilen üpjün edilen şypahanalara gelýänlere Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda beýan edilen kadalar esasynda taýýarlanýan melhemlik içgileri hödürlenýär. Müň derdiň dermany jemlenýän şypahanalarda ilatyň saglygyny berkitmegi bilen bir hatarda, göwnejaý dynç almagy hem-de gözel tebigata özboluşly syýahat etmegi üçin giň mümkinçilikler açylýar. Melhemler ojaklarynyň bejeriş-öňüni alyş, sagaldyş-dikeldiş işlerinde tebigatyň serişdelerinden bolan gyzdyrylan daşlar, Garagumuň gyzgyn çägesi, ozon duzy, klimatoterapiýa, diýetaterapiýa, fitoterapiýa, palçyk bilen bejeriş terapiýasy, tebipçilik bejergisi ýaly şypahana hyzmatlarynyň görnüşleri ulanylýar. Şoňa görä-de, tebigatyň syrly täsinliklerini özüne siňdiren sagaldyş ojaklary jana şypaly suwlarynyň, melhemlik serişdeleriniň aýratynlygy bilen ýurdumyzyň çäginden daşda hem meşhurlyk gazanýar.
Ýurdumyzyň ösüşiniň täze tapgyrynda ekologiýa ulgamlaryny mundan beýläk-de baýlaşdyrmak, ýaşaýyş-durmuş gurşawyny soňky nesillere göze we göwne ýakymly nusgada galdyrmak döwletiň baş wezipesi hasaplanýar. Ilatyň şu günki we geljekki durmuşynyň sagdynlygynyň hatyrasyna tebigatyň üýtgewsizligini gazanmak üçin onuň serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagy ugrundaky ekologiýa çäreleri döwrüň talabyna laýyk ýola goýulýar. Täze gurulýan kärhanalar, durky täzelenýän desgalar daşky gurşawa, adamyň saglygyna zyýan ýetmeginiň öňüni almaga ukyply, kämil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylýar. Önümçilikde hojalyk galyndylarynyň zyýansyzlandyrylmagyna we gaýtadan işlenilmegine, gündelik durmuşda tebigy serişdeleriň tygşytly ulanylmagyna gönükdirilen döwrebap çözgütler kabul edilýär. Tebigatyň çig malyndan taýýarlanýan azyk önümleri halkara hil we ekologiýa, howpsuzlyk we netijelilik güwänamalaryna eýe bolýar.
Türkmenistan tutuş adamzady tolgundyrýan suw gorlarynyň aýawly ulanylmagy, ýerleriň çölleşmeginiň we şorlaşmagynyň, atmosfera howasynyň hapalanmagynyň öňüniň alynmagy ýaly möhüm ekologiýa wezipelerinde halkara bileleşigi tarapyndan öňe sürülýän taslamalara işjeň gatnaşýar. Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanyp, abraýly sebit we halkara guramalarynyň maslahatlarynda ekologiýa hyzmatdaşlygynyň täze görnüşlerini emele getirmek ugrundaky teklipleri dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan goldanylýar. Güneşli Diýarymyz tebigatyň goralyp saklanmagyna we onuň baýlyklarynyň ählumumy bähbitler üçin ulanylmagyna bagyşlanan sebitara we halkara duşuşyklarynyň, ylmy-amaly maslahatlarynyň geçirilýän mekanyna öwrülýär. Bularyň ählisi, Türkmenistanyň öz çäginde, sebitde we bütin dünýäde ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, daşky gurşawy gözüň göreji ýaly goramak meselesiniň örän derwaýyslygyndan ugur alýandygyny, bu wezipeleriň çözgüdini tapmakda halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn orun berýändigini aýdyň görkezýär.
Döwlet Baştutanymyzyň taýsyz tagallalary bilen, jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy bolan adamyň ýaşaýşy üçin ekologiýa şertleriniň döredilmegine gönükdirilen wezipeler milli maksatnamalarda hem-de kadalaşdyryjy hukuk namalarynda giň beýanyny tapýar. Hususan-da, Esasy Kanunymyzda her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugynyň bardygy kesgitlenýär. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019—2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň milli Maksatnamasynda»: «Ekologiýa we galyndylar bilen işlemek ulgamynda sanly intellektual tehnologiýalary ornaşdyrmagyň baş maksady amatly we raýatlaryň saglygy üçin howpsuz daşky gurşawy döretmek bolup durýar» diýlip bellenilýär.
«Ýer hakynda» Türkmenistanyň bitewi Kanunynda şäherlerde we şäherçelerde tokaý agaçlarynyň tutýan ýerleriniň ilatyň dynç alşyny guramak, medeni isleglerini kanagatlandyrmak, şäheriň we şäherçäniň mikroklimatyny, ekologiýa ýagdaýyny hem-de arassaçylyk-tämizlik şertlerini gowulandyrmak üçin niýetlenendigi bellenilýär. Türkmenistanyň Suw kodeksiniň esaslanýan ýörelgelerinde ýurduň durmuş-ykdysady ösüşiniň we ilatyň saglygyny gorap saklamagyň esasy bolup durýan suwlaryň döwlet ähmiýetini ykrar etmek, ilatyň suwa bolan deň elýeterliligini üpjün etmek, suwdan peýdalanylanda daşky gurşawyň ekologiýa durnuklylygyny we ilatyň sanitariýa-epidemiologiýa taýdan howpsuzlygyny goramak ýaly ugurlar göz öňünde tutulýar. Türkmenistanyň Tokaý kodeksinde her kimiň amatly daşky gurşawa bolan hukuklaryny üpjün etmegiň bähbitlerine tokaýlaryň gurşaw dörediji, sanitariýa-gigiýena we beýleki peýdaly wezipeleriniň abat saklanmalydygy, jemgyýetiň we döwletiň isleglerini kanagatlandyrmak üçin tokaýlaryň köp maksatly we rejeli ulanylmalydygy, olaryň daşky gurşawa we adamyň saglygyna zyýan ýetirmeýän usullar bilen peýdalanylmalydygy baradaky ýörelgeleýin kadalar beýan edilýär.
Umuman, milli Liderimiziň ynsan durmuşynyň möhüm şerti bolan ekologiýa abadançylygy babatda öňe sürýän başlangyçlarynyň ähli döwletleriň we halklaryň jana-jan bähbitlerine laýyk gelýändigi Türkmenistanyň halkara tebigaty goraýyş konwensiýalarynyň düzgünlerini berjaý etmäge işjeň gatnaşýandygyna, bu ugurda üstüne alan borçnamalaryna ygrarlydygyna şaýatlyk edýär. Ýurdumyzyň daşky gurşawyň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitleýän, hojalyk we beýleki işleriň tebigy gurşawa zyýanly täsiriniň öňüniň alynmagyny, biologik dürlüligiň baýlaşdyrylmagyny maksat edinýän hukuk namalary ekologiýa gatnaşyklarynyň pugtalanmagyny, tebigatdan rejeli peýdalanylmagyny, adamyň saglygynyň we emläginiň goralmagyny üpjün etmekde ygtybarly binýat bolup çykyş edýär.