«Timekettle M2» gulaklygy 40 dile terjime etmek mümkinçiligini berýär

Täze simsiz gulaklyk bolan «Timekettle M2» ulanyja aýdym aýtmaga we beýleki ýurtlaryň ýaşaýjylary bilen aragatnaşyk saklamaga mümkinçilik berýär. Hakykatdan hem, gulaklyk sesi 40 dile terjime edip bilýär.

Öndürijiniň bellemegine görä, «Timekettle M2» enjamy gulaklyk hökmünde gündelik ulanmaklyk üçin doly laýyk bolsa-da, esasy üns terjime funksiýasyna gönükdirilendir.

Gulaklygyň 40 dile we 93 şiwä terjime etmeklik ukyby, ýokary hilli ses bilen üpjün edilendir. Enjam özbaşdak görnüşde 6 dili dolandyryp biler. «Timekettle M2» gulaklygynyň doly işlemekligi — 40 dile terjime etmekligi üçin internet birikmesi talap edilýär.

Terjime bilen baglanyşykly ähli esasy işler, smartfonda Android we iOS ulgamlary üçin ykjam programmada amala aşyrylýar. Programma sensor režimi, dinamik režimi we diňlemek režimi ýaly üç režimi ulanýar. Birinji režim terjimäni ýörite sensora degeninden soň edýär. Ikinji režim terjimäni ýazga almaklyk üçin smartfon mikrofonyny ulanýar. Üçünji režim terjimäni gulaklyk arkaly edýär.

«Timekettle M2» gulaklygynyň esasy terjime edýän dilleri hökmünde iňlis, hytaý, rus, ukrain, fransuz, ispan we ş.m. diller görkezilýär. Bu gulaklygy ulanyjy terjimäni ýazgy we sesli görnüşden alyp bilýär.

«Timekettle M2» gulaklygynyň başlangyç bahasy 130 dollardyr.