Türkmen-owgan serhedindäki GGN-larynyň bökdençsiz işi üpjün edilýär

Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär. Bu barada DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Häzirki wagtda «Ymamnazar-Akina» we «Serhetabat-Turgundy» gözegçilik-göýberiş nokatlaryndan gündelik esasda 70-den gowrak demirýol wagonlary hem-de 160-a golaý ýük awtoulag serişdeleri göýberilýär.

Nebit önümleri, suwuklandyrylan gaz, däne, gündelik sarp ediş harytlary döwlet serhedinden göýberilýän ýükleriň esasy bölegini düzýär.

Şu nukdaýnazardan, owgan tarapynyň Owganystana eksport edilýän harytlar üçin gümrük paçlaryny arzanladandygyny hem bellemek zerurdyr.