Türkmen-özbek söwda dolanyşygy şu ýylyň ýedi aýynda $352 milliona golaýlady


2021-nji ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygy 351 million 900 müň ABŞ dollaryna deň boldy. Bu barada Özbegistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň geçen anna güni çap eden hasabatynda maglumat berilýär. Türkmenistan Özbegistanyň söwda hyzmatdaşlarynyň ilkinji onlugyna girýär.

Hasabata görä, geçen ýylyň degişli döwründe iki goňşy döwletiň arasyndaky söwda dolanyşygy 298 million 400 müň ABŞ dollaryna deň bolupdy.

Şu ýylyň ýanwar-iýul aýlarynda Özbegistan 250 million 500 müň ABŞ dollarlyk türkmen önümlerini import etdi. Şol bir wagtda, ýurduň Türkmenistana eksporty 100 million 900 müň ABŞ dollaryna barabar boldy.

Şu ýylyň ilkinji ýedi aýynda Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygy 21 milliard 560 million ABŞ dollaryndan geçip, 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 1 milliard 980 million ABŞ dollary ýa-da 10,1% ýokarlandy.

Özbegistanyň daşary söwda dolanyşygynyň iň uly möçberi Hytaýyň paýyna düşüp, ol 4 milliard ABŞ dollaryndan geçdi. Degişlilikde Özbegistanyň eksporty 1 milliard 300 million ABŞ dollaryna, importy bolsa 2 milliard 700 million ABŞ dollaryna deň boldy.

Degişli döwürde Özbegistanyň beýleki daşary ýurt söwda hyzmatdaşlarynyň arasyna Russiýa ($3,73 milliarddan gowrak), Gazagystan ($2,22 milliarddan gowrak), Türkiýe ($1,87 milliarddan gowrak), Günorta Koreýa ($1 milliarddan gowrak), Gyrgyzystan ($508,1 million), Germaniýa ($410,9 million) Owganystan ($406,4 million), we Ukraina ($334,6 million) girdi.