Türkmen pagtasyna hyrydarlar köpelýär

     Garaşsyz, baky bitarap Türkmenistan döwletimizde pagtaçylyk pudagynyň pajarlap ösdürilişine uly ähmiet berilýär. Ýurdumyz diňe bir merkezi Aziýada däl, eýsem, dünýä ýurtlarynyň arasynda pagta ösdürmekde öňdäki orny eýleýär. Ýurdumyzyň pagta bolan islegi doly kanagatlandyrylýar we pagtaçylyk ösüş depgini ýylsaýyn ýokarlandyrylýar. Ýurdumyzda ýüplük öndürilýän fabrikleriň önümi dokma senagatyny çig mal bilen ýeterlik mukdarda üpjün edýär, haryt bolçulygynyň kemala getirilmegine ýardam edýär. Döwletimizde ýetişdirilen pagta hasyly maşynlaryň we kombaýynlaryň, şeýle-de el kömegi bilen ýygnalyp alynýar. Türkmen pagtasyna dünýä döwletleriniň hyrydar bolýandygyny aýdan ýagşy.

1_8

 

2_10

 

     Ýakynda Türkmenistanda «Birinji Hazar ykdysady forumy» ýokary derejede geçirildi we Hazarýaka döwletleriniň ýokary derejeli wekilýetleri, şeýle-de dünýäniň ençeme ýurtlaryndan myhmanlar gatnaşdylar. Hazar innowasion tehnologiýalar halkara sergisiniň çäklerinde birža söwdalarynyň jemleri yglan edildi. Mälim bolşy ýaly, daşary ýurt walýutasyna nah, ýüplik, pagta süými, portlandsemend we aýna önümleri Russiýa Federasiýasy, Türkiýe, BAE, Özbegistan döwletleri satyn aldylar. Bulardan başga-da, Türkmenistanda nebiti gaýtadan işleýän zawodlaryň önümleri satyn alyndy. Türkmenistan durnukly ösüş ýoluna düşdi. Pagta halkymyzyň milli baýlygy bolup hyzmat edýär.

 

     2019-njy ýyl ýurdumyzda «Türkmenistan-rowaçlygyň Watany» diýen şygar astynda ykdysady ösüşler giň gerimde ýaýbaňlandyrylýar.

3_9

 

4_2

 

5_0