«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň möhletini uzaltdy

«Türkmenhowaýollary» halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň möhletini uzaltdy

«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Russiýa Federasiýasyndaky wekilhanasy COVID-19 pandemiýasy zerarly hem-de ýolagçylaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, awiakompaniýanyň 2021-nji ýylyň 31-nji martyna çenli (31-nji mart degişli) ähli halkara gatnawlarynyň ýatyrylmagynyň möhletiniň uzaldylýandygyny habar berdi.

Petekler 2021-nji ýylyň 31-nji dekabry aralygynda hereket edýär. Ýatyrylan uçuşlaryň ýolagçylary bellenilen seneden öň islendik uçuş üçin petegini çalşyp bilerler. Munuň üçin uçuşlaryň täzeden başlamagyna garaşmaly we çalyşmak üçin petek satyn alnan ýeri bilen habarlaşmaly. Habar berlişi ýaly, syýahat amala aşyrylmasa, ýolagçy şol bir wagtyň özünde petegini yzyna gaýtaryp bermek üçin ýüz tutup biler.