Türkmenistan Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeltdi

Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeldildi, diýip DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, 2014-nji ýylyň 6-njy iýunynda «Kerki – Ymamnazar –Аkina – Аndhoý» demir ýolunyň gurluşygyna badalga berildi. Owganystanyň «Akina-Andhoý» beketleriniň aralygynda uzynlygy 30 kilometre barabar bolan demir ýolunyň açylyş dabarasy 2021-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda geçirildi.

Häzirki döwürde bu meýdançada tehniki-gurnama işleri alnyp barylýar we olaryň ýakyn wagtda tamamlanmagy meýilleşdirilýär.