Türkmenistan Owganystandaky daşary ýurtly raýatlary çykarylmagy üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýär

«Mälim bolşy ýaly, häzirki wagtda aglaba ýurtlar özleriniň Owganystandaky raýatlarynyň bu ýurtdan guramaçylykly çykarylmagyna girişdiler. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan halkara ynsanperwer hukugynyň kadalaryndan hem gelip çykýan halkara borçnamalaryny ýerine ýetirmek arkaly, ýokarda görkezilen şahslaryň daşary ýurt döwletleriniň howa gämileri bilen äkidilmegi üçin özüniň howa giňişligini üpjün edýändir», – diýip Daşary işler ministrligi habar berýär.