Türkmenistan we ÝHHG energetika howpsuzlygyny maslahatlaşdylar

Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (ÝHHG) Baş sekretary Helga Şmid bilen çarşenbe güni wideoaragatnaşyk arkaly geçirilen gepleşigiň barşynda energetika howpsuzlygy we durnukly ulag meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Türkmenistanyň resmi metbugatynyň habar berşi ýaly, taraplar sebit we global ösüş nukdaýnazaryndan, energiýa serişdelerine durnukly elýeterliligiň ähmiýetini nygtadylar. Türkmen tarapynyň belleýşi ýaly, dünýäde energiýa serişdelerini iri öndürijileriň we üpjün edijileriň biri bolan Türkmenistan olaryň dünýä bazarlaryna çykarylmagy boýunça amatly gurallaryň döredilmegi ugrunda işjeň hereketleri dowam edýär. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyz eýýäm ÝHHG-niň ýöriteleşdirilen düzümini — Durnukly energetika boýunça Geňeşi döretmegi teklip edipdi.

Şeýle hem, maslahatyň barşynda ulag we ekologiýa howpsuzlygy boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meselelerine garaldy. Şunda ÝHHG-niň “Hazar deňzi sebitinde “ýaşyl” portlaryň we özara baglanyşyklylygyň ösdürilmegine ýardam bermek” taslamasynyň ähmiýeti bellenildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Türkmenistan Merkezi Aziýada we Kawkazda “ýaşyl” portlary ösdürmek, sanlylaşdyrmak, söwda hem-de ulag gatnawlarynyň amallarynyň ýeňilleşdirilmegine ýardam bermegi maksat edinýär.

Mundan başga-da, terrorçylygyň we transmilli guramaçylykly jenaýatçylygyň maliýeleşdirilmegine garşy göreş boýunça sebit maslahatyny çagyrmak hakynda Türkmenistanyň teklibi beýan edildi. Milli derejede kiberhowpsuzlyk ulgamynda hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

ÝHHG-niň toplumlaýyn ekologiýa maksatnamasyny taýýarlamagyň mümkinçiliklerini öwrenmek boýunça bilermenleriň duşuşyklarynyň dowam edýändigi bellenildi.