Türkmenistanda geçirilen saýlawlarda saýlawçylar dalaşgärlere 98,7% ses berdiler

Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparyň resmi saýtynda habar berlişi ýaly, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlarynda saýlawçylar – welaýat we Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň 98,7% işjeň ýagdaýda ses berdiler. Has takygy, Ahal welaýatynda 97,3 %, Balkan welaýatynda 97,4 %, Daşoguz welaýatynda 100 %, Lebap welaýatynda 100 %, Mary welaýatynda 100 %, Aşgabat şäherinde 97,4 % ses berdi.