Türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewa Agyr atletika boýunça 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň altyn medallary gowşuryldy


Türkmenistanly türgen Ýulduz Jumabaýewa Agyr atletika boýunça 2018-nji ýyldaky dünýä çempionatynyň altyn medallary gowşuryldy

Şu gün – 10-njy martda Aşgabatdaky Olimiýa şäherçesindäki Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda, türgen Ýulduz Jumabaýewa agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň iň ýokary derejeli baýragynyň gowşurylyş dabarasy boldy.

Türkmen türgeni bu baýraga  2018-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Agyr atletika boýunça dünýä çempionatynyň netijeleri boýunça mynasyp boldy. Ol dünýä çempionatynda 45 kg agramda çykyş etdi.