Türkmenistanly woleýbolçylar Çuwaşiýada geçirilen ýaryşda üstünlikli çykyş etdiler

Çuwaşiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýan türkmenistanly talyplar Çuwaş we Tatarystan Respublikalarynyň at gazanan medeniýet işgäri Farit Gibatdinowyň kubogy ugrunda geçirilen woleýbol ýaryşyna gatnaşdylar.

Has takygy, ýaryşa türkmen talyplarynyň «Bitaraplyk» (Çuwaş döwlet uniwersiteti), «Türkmenistan» (Çuwaş döwlet mugallymçylyk uniwersiteti), «Rowaç» toparlary gatnaşdy. Olar bilen birlikde bu ýaryşa Çeboksarsk kooperatiw institutynyň we Çeboksary şäheriniň tatar milli medeniýet awtonomiýasynyň toparlary gatnaşdy.

Ýaryşda birinji we ikinji orunlara «Türkmenistan» hem-de «Bitaraplyk» toparlary mynasyp boldy. Üçünji orny bolsa Çeboksarsk kooperatiw institutynyň topary eýeledi.

ÇDMGU-nyň «Türkmenistan» woleýbol toparynyň ýurdumyzyň Kazandaky Baş konsullygy tarapyndan döredilendigini habar berýäris.