Şu gün halkymyz Halkara Nowruz gününi — Milli bahar baýramyny uly ruhubelentlikde dabaralandyrdy. Bahar paslynda tutuş ýurdumyz boýunça ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk çäreleri aýdym-sazly çykyşlar we türkmen halkynyň oňyn däp-dessurlary bilen türkmen topragynyň gözelligine gözellik goşdy.

Paýtagtymyzda esasy wakalar Garagum derýasynyň kenarynda guraldy. Baharyň gelmegi, tebigatyň janlanmagy mynasybetli guralýan we adamlaryň arasynda ylalaşygy, hoşniýetli goňşuçylygy we dostlugy alamatlandyrýan baýramçylyga gatnaşýan myhmanlar we beýleki adamlar ir bilen dabaralaryň geçýän ýerine ýygnandylar.
“Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän ýylda bahar baýramynyň dabarasy has-da belentden tutuldy. Nowruz asyrlaryň jümmüşinden biziň günlerimize gelip ýeten möhüm sene bolmak bilen, ähli halklaryň bagtyýar durmuşynyň we ählumumy gülläp ösüşiň bähbidine berkarar bolan parahatçylyk senasyna öwrüldi. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Ýer ýüzünde parahatçylygyň berkarar edilmegi ugrunda Türkmenistanyň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli işleriniň tutuş adamzadyň bähbidine gönükdirmek baradaky wajyp halkara başlangyçlarynyň dünýä bileleşigi tarapyndan ýokary baha mynasyp bolýandygyny bellemek gerek. Şeýlelikde, milli Liderimiziň teklibini Birleşen Milletler Guramasy makullap we Baş Assambleýanyň Kararnamasy esasynda 2021-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip ykrar edildi.
Garagum derýasynyň kenarynda ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk dabaralary halkymyzyň özboluşly däp-dessurlary bilen utgaşdyryldy. Hatara düzülen ak öýleriň golaýynda toý gazanlary ataryldy. Haly düşelen sekilerde türkmen durmuşyna mahsus görnüşler emele geldi. Şeýle hem ýörite gurnalan ýerlerde senetkärleriň elinden çykan ajaýyp gap-gaçlar, gündogar bazarlaryna mahsus görnüşler baýramçylyk dabarasyny has-da belende göterdi. Bu ýerde gadymy döwürdäki ýaly şowhunyň — täjirleriň özara söwdalarynyň janlandyrylmagy ýurdumyzyň sebitiň döwletleriniň arasynda söwda gatnaşyklaryny ýola goýmakda möhüm orun eýeleýändigini aňladýar.
Baýramçylyk dabarasy geçirilýän meýdanyň esasy girelgesiniň ýanynda myhmanlary goşgy aýdýan çagalar “Nowruz buşlama” atly çykyşlary bilen garşyladylar.
Bu ýerde guralan baýramçylyk çärelerine Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş düzümleriniň, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Nowruz diňe bir baharyň gelendigini buşlaýan sene bolman, eýsem, topragyň janlanýandygyny hem alamatlandyrýar. Bu sene halklaryň arasyndaky ylalaşygyň berkarar bolýandygyny äşgär edýär. 2010-njy ýyldan bäri, Halkara Nowruz güni hökmünde bellenilýän bu sene adamzadyň iň ähmiýetli we möhüm baýramlarynyň biridir.
“Ata-babalarymyzdan miras galan milli baýramlarymyz, däp-dessurlarymyz häzirki döwürde halkymyzyň ruhy dünýäsiniň çyragyna öwrülip, täze many-mazmun, kämil öwüşginler bilen has-da ösdürilýär. Häzirki döwürde Nowruz baýramy halkymyzyň gadymy taryhyny, medeni mirasyny, ruhy dünýäsini özünde jemläp, bahasyna ýetip bolmajak gymmatly hazyna öwrülýär” diýlip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Milli bahar baýramy mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagynda bellenilýär.
Baýramçylyk konsertinde “Galkynyş” folklor-tans topary dabaranyň şowhunyny artdyrýar. Joşgunly çykyş Nowruzyň gelendigini, onda bereketli ýagmyryň topragyň sahawatyny artdyrýandygyny alamatlandyrýar. Toparyň agzalarynyň ýerine ýetiren derwüş tansy dabara gatnaşyjylarda ýakymly täsir galdyrdy.
Şeýle hem bu ýerde türkmen zenanlarynyň nepis sungaty hasaplanylýan haly önümleriniň sergisi guraldy. Onda ajaýyp halk däpleriniň işleri, muzeý gymmatlyklary görkezilýär. Güle bürenen erikleriň ajaýyp görnüşi haly gözelligi bilen bir bitewi sazlaşygy emele getirýär. Guşlaryň saýraşýan sesleri baýramçylyga ajaýyp öwüşgin çaýýar.
Magtymguly Pyragynyň keşbindäki teatr artisti hem-de Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň oglanjygy türkmen halkynyň akyldar şahyrynyň goşgularyny okap, myhmanlary ajaýyp şygyrlar bilen garşylaýarlar. Şol pursatda Nowruzyň mähriban topragymyza gelendigi baradaky aýdym ýaňlanýar. Oňa dabara gatnaşyjylaryň hemmesi goşulýar. Ýurdumyzyň “Aşgabat”, “Meňli”, “Näzli” meşhur tans toparlarynyň bilelikdäki çykyşlary aýdym-sazlar bilen utgaşyp, dabaranyň şowhunyny has-da belende göterýär.
Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň aýdymçy gyzlar topary hem-de Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň tans topary, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň läleçi gyzlary, medeniýet we bilim edaralarynyň gelin-gyzlarynyň bilelikdäki çykyşlary belent ruha beslenip, ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Bu ýerde zenan ellerinden çykan ajaýyp keşdeler, nagyşly keteniler, haly önümleri, sowgatlyk harytlar görkezildi.
Aýdym-sazly çykyşlaryň belent ruhy, sahnalaşdyrylan çykyşlar dabara gatnaşyjylaryň kalplaryny joşdurdy. Bu çykyşlar türkmen halkynyň agzybirligini we mähriban Watanymyza bolan söýgüsini alamatlandyrýan ýagşy dessurlarynyň özboluşly beýanyna öwrüldi.
Ýarym aý şekilinde ýerleşdirilen ak öýler Oguz han döwrüniň durmuşyny beýan edýär. “Serpaý” we “Miras” folklor-tans toparlary Nowruz bilen baglanyşykly däp-dessurlary, semeni taýýarlamagyň aýratynlyklaryny görkezýärler. Şeýle hem olar datly semeniden dabara gatnaşyjylara hödür edýärler. Mundan başga-da bu toparlar aý-gün hasaby, milli ekerançylyk däpleri bilen baglanyşykly çykyşlary ýaýbaňlandyrdylar.
Teatryň artistleri ylmyň ösüşlerini, onuň taryhy sahypalaryny, filosofiýanyň, lukmançylygyň, matematikanyň, astronomiýanyň ösüşine ägirt uly goşant goşan Gündogaryň belli alymlarynyň keşplerini janlandyrdylar.
Garagum derýasynyň ýakasynda ýerleşen jykyryň ýanynda Türkmenistanyň Döwlet hory “Ak, derýam!” atly aýdymy ýerine ýetirdi. Soňra bu ýerde älemgoşar şekilinde döredilen binanyň ýanynda tans we döredijilik toparlarynyň çykyşlary guraldy. Bu çykyşlar ajaýyp aýdym bilen utgaşyp, belent dabarany döretdi. Şeýle hem dabaranyň dowamynda ýaşajyk suratkeşler bu günki baýramçylygyň ajaýyp pursatlarynyň, ak mermerli paýtagtymyzyň şekillerini janlandyrdylar.
Sergi hataryny oba hojalyk önümleri dowam etdi. Onda ekerançylygyň baý milli däpleri, türkmen topragynda ösdürilip ýetişdirilýän önümleriň köp görnüşleri görkezildi. Ähli ýerde ýörite gapda ösdürilýän we Nowruzyň esasy baýramçylyk bezeginiň biri bolan gök öwüsýän bugdaý maýsalary bar.
Topragyň janlanýandygyny, tebigatyň oýanýandygyny aňladýan Nowruz gadymy döwürlerden bäri, halk döredijiligiň ähli görnüşlerini, nesilleriň ruhy we medeni gymmatlyklaryny özünde jemläp, kuwwatly döredijilik güýjüne eýedir. Halkymyzyň asyrlaryň dowamynda döreden nusgalyk däp-dessurlary bu ýerde guralan baýramçylyga gatnaşan döredijilik toparlarynyň çykyşlarynda öz beýanyny tapdy.
Adamyň durmuşda eýeleýän ornuna hem-de tebigat bilen ylalaşykly ýaşamagyna bolan garaýşy we tebigatyň ajaýyp dünýäsi ýaly düşünjeleri özünde jemleýän çykyşlarda milli ekerançylyk däplerine möhüm orun berildi. Bu gün halkymyz asyrlar aşyp gelýän ýagşy dessurlary ösdürmek bilen, tebigatyň dünýäsini öwrenýär we onuň bilen ysnyşykly ýaşaýar. Munuň özi häzirki döwürde öz ähmiýetini ýitirmän, eýsem, barha kämilleşdirilýän ýagşy dessurlary dowamata atarýar.
Tans toparlarynyň “Türkmenistan — parahatçylygyň we dost-doganlygyň mekany” atly çykyşlarynda 2021-nji ýylyň şygary öz beýanyny tapdy. Bu ýerde Nowruz baýramyny belleýän dünýä halklarynyň tanslary ýerine ýetirildi.
Birleşen Milletler Guramasy 21-nji marty Halkara Nowruz güni diýip yglan etmek bilen, bu baýramçylygyň halklaryň arasyndaky parahatçylykly gatnaşyklary berkitmek, dost-doganlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini ösdürmek ugurlaryny özünde jemleýändigini ykrar etdi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň zehininden dörän kitaplaryň sergisi bu baýramçylygyň ähmiýetini has-da artdyrdy. Sergide bu baýramçylygyň gadymy taryhy, ony garşylamagyň däpleri we müňýyllyklardan biziň günlerimize ýetip gelen ajaýyplyklary, türkmen topragynyň sahawaty, bahar güneşiniň täzelenişi, egsilmez şatlyk alamatlary görkezilýär.
Dokma önümleriniň sergisi milli ykdysadyýetimiziň bu pudagynyň ýeten derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik berdi. Häzirki döwürde ýurdumyzdaky bar bolan dokma kärhanalary düýpli döwrebaplaşdyrylýar we gaýtadan işleýän täze toplumlar gurulýar. Bu bolsa ekologiýa taýdan arassa pagta ýüplüginden we ýüpekden taýýarlanylýan ýokary hilli dokma önümleriniň görnüşlerini we mukdaryny artdyrmaga ýardam edýär. Şeýlelikde, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürýän täze önümçilik kuwwatlyklary döredilýär.
Baýramçylyk konserti “Arçabil” deprekçiler toparynyň ruhuňy göterýän we joşgunly çykyşlary bilen dowam etdi. Deprekleriň joşgunly owazy astynda türkmen türgenleriniň görkezme çykyşlary boldy.
Çykyşlarda türkmen halkynyň gadymdan gelýän milli oýunlary görkezildi. Dabara gatnaşýanlaryň şowhuny bilen pälwanlaryň göreşleri, ýaglyga towusmak, aşyk oýny, düzzüm ýaly oýunlar täsirli boldy. Milli darbaz oýunlary bu ýerde guralan dabaranyň ähmiýetini we şowhunyny artdyrdy.
Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň bagşylar toparynyň çykyşlary halkymyzyň asyrlar aşyp gelýän bagşyçylyk däpleriniň häzirki zaman beýanyna öwrüldi. Munuň özi milli aýdym-saz sungatynyň döwrebap derejede ösdürilýändiginiň we kämilleşdirilýändiginiň aýdyň subutnamasy boldy.
Ýurdumyzda öndürilen oba hojalyk önümleriniň sergisi örän köp öwüşginli boldy. Nowruzyň gelmegi bilen ekerançylykda möhüm möwsüm başlanýar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 19-njy martda sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisinde Ahal, Balkan, Lebap we Mary welaýatlarynda gowaça ekişine 24-nji martda, 31-nji martda bolsa Daşoguz welaýatynda girişmäge ak pata berdi.
Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebiniň tüýdükçileri özleriniň gargy tüýdükleriniň ýakymly owazlary bilen dabaranyň täsirini artdyrdylar. Olaryň ýerine ýetiren sazlary baýramçylyga gatnaşanlarda ýakymly täsir galdyrdy.
Ýurdumyzyň Şekillendiriş sungaty muzeýi tarapyndan guralan sergide türkmen halkynyň baý döredijilik mirasy we ýurdumyzyň häzirki döwürde ýeten derejesi görkezilýär. Şeýle hem bu ýerde zehinli zergärleriň elinden çykan dürli şaý-sepler nepisligi bilen haýran galdyrdy. Mundan başga-da, bu ýerde ussalaryň milli saz gurallaryny ýasaýyşlary görkezilýär.
Soňra bu ýerde gurnalan baş sahnada baýramçylyk konserti ýaýbaňlandyryldy. Sahnanyň ýanynda Aşgabat şäheriniň etrap häkimlikleri tarapyndan 14 sany ak öý dikilipdir. Munuň özi Aşgabat şäheriniň maý aýynda giňden belleniljek 140 ýyllygyny alamatlandyrýar.
Dabara gatnaşyjylaryň öňünde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Halkara Nowruz güni — Milli bahar baýramy mynasybetli watandaşlarymyza iberen Gutlagy okaldy.
Soňra bu ýerde ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary boldy. Konsertiň maksatnamasyna edebi-sazly we folklor-etnografiýa, tans toparlarynyň çykyşlary, halk aýdym-sazlary, Magtymguly Pyragynyň arzuw eden berkarar döwrümizi wasp edýän estrada aýdymlary girizildi.
Belent başly hiňňildiklerde uçýan ýaşlaryň şadyýan sesleri baýramçylygyň şowhunyny artdyrdy. Bu görnüşler halkymyzyň täzelenişi, milli bahar baýramyny uly ruhubelentlik bilen garşylaýandygyny we şanly sene bilen ýagşy umyt-arzuwlaryny baglanyşdyrýandygyny alamatlandyrdy.
Ajaýyp “Küştdepdi” aýdym-saz dessury dabaranyň jemini jemledi. Ýaşlar joşgunly tansyň üsti bilen durmuşyň bezegi bolan ajaýyplyklary, nurly güneşi, bahar paslyny wasp etdiler.
Nowruz baýramy mynasybetli guralan dabara halkymyzyň gadymy baýramçylyk däpleriniň bu gün täze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny hem-de döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygyny pugtalandyrýandygyny aňladýan ajaýyp pursatlara beslendi.
Şeýle hem şu gün baýramçylyk dabaralary we medeni-köpçülikleýin çäreler Diýarymyzyň ähli welaýatlarynda, açyk meýdançalarda, seýilgählerde we derýalaryň, akabalaryň, suw howdanlarynyň kenarlarynda geçirildi.
Gözbaşyny asyrlaryň jümmüşinden alyp gaýdýan we türkmen halkynyň ruhy gymmatlyklarynyň esasynda durýan Nowruz baýramy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylýar.
Bu baýram halkymyzyň belent ruhuny, zähmetsöýerligini hem-de galkynyşy özünde jemlemek bilen, hemmeleri ösüşiň täze belentliklerine ruhlandyrýar we ýüreklerimizde gülläp ösýän Watanymyza, bagtyýar şu döwrümize hem-de nurana geljegimize buýsanjymyzy, söýgimizi artdyrýar.
Nowruz döredijilige, zähmet ýokary göterilişine, daşky gurşawyň özgermegine çagyryş bolmak bilen, tebigata sazlaşyk, gözellik we hoşniýetlilik eçilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan özgertmeleriniň hemmesi hut şu ugra gönükdirilendir. Türkmen halkynyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagy, beýik maksatlara ýetmegiň ýolunda açylýan täze mümkinçilikler şol özgertmeleriň oňyn miwesidir.
Munuň özi diňe bir ykdysady ösüş bolman, eýsem, durmuş, jemgyýetçilik-syýasy, medeni ýokary göterilişdir hem-de ruhy taýdan baýlaşmakdyr. Nowruz baýramy mynasybetli guralan şu günki dabaralar hut şol ýörelgeleriň aýdyň beýanyna öwrüldi, dabaralar 22-nji martda hem dowam eder.