Türkmenistanyň biržasynda $49 milliondan gowrak söwda boldy

Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Maltanyň, Hytaýyň işewürleri polietilen we arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda geçen hepdede daşary ýurt puluna geçirilen söwdalaryň möçberi 49 million 554 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty şenbe güni habar berdi.

Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirliklerinden, Türkiýeden, Hytaýdan, Maltadan, Owganystandan gelen telekeçiler Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynda öndürilen awtobenzini, uçar kerosinini, nebit bitumyny satyn aldylar.

Şeýle-de Russiýanyň, Beýik Britaniýanyň, BAE-niň, Türkiýäniň, Maltanyň, Hytaýyň işewürleri polietilen we arassalanan dizel ýangyjyny satyn aldylar.

Mundan başga-da, Türkiýäniň, Azerbaýjanyň, Özbegistanyň, Gyrgyzystanyň telekeçileri daşary ýurt puluna reňksiz list aýnasyny, tekiz reňklenen we tüýjümek žakkard önümlerini, nah ýüplügi satyn aldylar.

Şweýsariýanyň, BAE-niň, Gazagystanyň işewür toparlarynyň wekilleri bahasy 8 million manatlykdan gowrak nah ýüplügini satyn aldylar.

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 34-si hasaba alyndy.