Türkmenistanyň futbol ýygyndysy iki günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysy Dünýä çempionaty ― 2022-niň saýlama tapgyryna taýýarlygyň çäklerinde Aşgabatda iki günlük okuw-türgenleşik ýygnanyşygyny geçýär.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy bu ýygnanyşygyň 3 ― 4-nji aprel günlerinde «Aşgabat» köpugurly sport toplumynda boljakdygyny habar berdi.

Yzda galan 5 tapgyrdan soňra Türkmenistanyň futbol ýygyndysy 9 utuk bilen «H» toparçanyň başyny çekýär. Ildeşlerimiz iýun aýynda Koreýa Respublikasynda merkezleşdirilen görnüşde geçiriljek nobatdaky duşuşyklaryny 3-nji iýunda ýer eýeleri, 11-nji iýunda Liwan we 15-nji iýunda KHDR bilen geçirer.