Türkmenistanyň futbol ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi Kuweýtiň çempiony boldy

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň ozalky baş tälimçisi, horwatiýaly hünärmen Ante Mişe «Al-Arabi» futbol topary bilen birlikde Kuweýtiň çempiony boldy.

Ýakynda ýurduň çempionatynda öňdäki orunlary eýelän toparlaryň arasynda çempionlyk ugrundaky aýgytlaýjy ýaryş tamamlandy. 10 toparyň arasynda 9 tapgyrdan ybarat bolan duşuşyklarda «Al-Arabi» 23-sini gazanyp, ajaýyp netije görkezdi.

Şeýlelikde, Türkmenistanyň futbol ýygyndysy bilen şertnamasy mundan bir ýyl ozal tamamlanan horwatiýaly hünärmen Kuweýtiň 16 gezek çempiony bolan topary 19 ýyllyk arakesmeden soňra 17-nji çempionlygyna ýetirdi. Ol «Al-Arabide» geçen ýylyň 14-nji dekabryndan bäri işläp gelýär.

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň bir ýyllap baş tälimçisiz duran milli ýygyndymyzyň başyna Röwşen Muhadowy getirendigini habar beripdik.