Şu gün, 18-nji awgustda Türkmenistanyň Mazari-Şerif şäherindäki Baş konsuly «Таliban» hereketiniň Balh welaýatyndaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy bilen duşuşyk geçirdi.

Oňyn hem-de işjeň ýagdaýda geçen duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň konsullyk edarasynyň Owganystanyň demirgazyk welaýatlarynda öz işini amala aşyrmagy bilen bagly bolan anyk meseleleriň ençemesi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şunlukda iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklaryň doganlyk häsiýete eýe bolup, dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýandygy bellenilip geçildi.

Türkmenistanyň DIM-niň Metbugat gullugy