Türkmenistanyň Prezidenti Ahalteke atçylyk toplumyna bardy

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumyna gelip, behişdi bedewler bilen didarlaşdy hem-de döredijilik bilen meşgullandy.

Bu ýerde Türkmenistanyň Prezidentine ady rowaýata öwrülen Akhan atly bedewiň ilkinji at taýynyň dünýä inendigi barada buşluk habary ýetirildi. Milli Liderimiz öz seýisläp ýetişdiren Akhan atly bedewiniň ilkinji at taýynyň doglandygy baradaky buşluga ruhlandy we bu habary uly şatlyk bilen garşylady.

Döwlet Baştutany Akhanyň adynyň birinji harpyna laýyklykda we ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň hormatyna bu taýçanaga Aşgabat diýip at goýdy.

Munuň özi uly zähmet ýeňişlerine, şanly senelere beslenip gelen ýylda ak mermerli paýtagtymyzyň 140 ýyllygynyň şanyna bildirilen hormatdyr. Şeýlelikde, Akhan bilen Lälegyzyň taýyna Aşgabat ady dakyldy.

Soňra döwlet Baştutany Şapolat atly mele bedewi athanadan çykardy we onuň bilen birsellem gezim etdi.