Türkmenistanyň Prezidenti Gazagystan Respublikasynyň Prezidentine gynanç bildirdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýewe ýurduň Žambyl welaýatyndaky harby bölüminde bolup geçen, adam pidalaryna we şikes ýetmelerine getiren pajygaly adatdan daşary ýagdaý zerarly gynanç hatyny iberdi.

Döwlet Baştutanymyz öz hatynda bu habary çuňňur gynanç duýgusy bilen kabul edendigini belledi.

Türkmenistanyň Prezidenti şu agyr pursatda ýurdumyzyň halkynyň we Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna hem-de ýakynlaryna ýürekden gynanjyny we medet beriji sözlerini, ejir çekenlere bolsa, tiz wagtda sagalmaklary baradaky dileglerini beýan etdi.