Geçen hepdäniň wakalary hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň durmuşynyň ähli ulgamlarynda ösüşi üpjün etmäge hem-de dünýä bileleşigine ynamly goşulyşmagyna gönükdirilen daşary we içeri syýasatynyň beýik maksatlarynyň yzygiderli hem-de üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

20-nji awgustda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwletimiziň durmuşy bilen bagly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklaryny sazlaşykly ösdürmäge gönükdirilen birnäçe resminamalaryň taslamalaryna garaldy.

Sanly ulgam arkaly geçirilen mejlis başlanmazdan öň, milli Liderimize Milli Geňeşiň iki palatasynyň ýurdumyzyň kanunçylyk-hukuk binýadyny, hususan-da, halkymyzyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini yzygiderli gowulandyrmaga, içerki we daşarky syýasaty üstünlikli amala aşyrmaga gönükdirilen giň gerimli maksatnamalaryň hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada maglumat berildi.

Döwlet Baştutanymyz bu möhüm işi döwlet ösüşiniň ileri tutulýan ugurlaryny we halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryny göz öňünde tutup, ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýerli öz-özüňi dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde dowam etmegiň zerurdygyna ünsi çekdi.

Mejlisde hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 14-nji sentýabrynda Nýu-Ýorkda öz işine başlajak nobatdaky 76-njy mejlisinde ileri tutýan garaýyşlary barada hasabat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn başlangyçlarynyň we teklipleriniň esasynda taýýarlanylan wajyp ugurlaryň biri hem ählumumy howpa — täze görnüşli howply ýokanç kesele garşy göreşmekde hem-de şonuň ýaýramagy bilen ýüze çykan durmuş-ykdysady täsirleri azaltmakda halkara jemgyýetçiligiň tagallalaryny birleşdirmekden ybaratdyr.

Şunuň bilen baglylykda, ylmy diplomatiýa ugry boýunça halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek, BSGG-niň öýken sowuklama keseline garşy göreşmek boýunça köptaraplaýyn guralyny ýola goýmak, BSGG-niň koronawirus ýokanjynyň genomyny öwrenmek üçin ýörite maksatnamany düzmek, BSGG-niň Ýiti ýokanç keselleri bejeriş we olaryň öňüni alyş usulyýet merkezini döretmek hem-de Merkezi Aziýada Epidemiologiýa, wirusologiýa we bakteriologiýa merkezini döretmek boýunça teklipler bar.

Merkezi Aziýanyň häzirki zaman global geosyýasatynda eýeleýän möhüm ornuny ösdürmek, sebitde bolup geçýän özgerişleri dünýä gün tertibi bilen sazlaşdyrmak maksady bilen, Türkmenistan tarapyndan BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli Kararnamasynyň taslamasyny hödürlemek teklip edilýär. Bu resminama milli Liderimiziň başlangyjy bilen şu ýylyň 6-njy awgustynda ýurdumyzda geçirilen Merkezi Aziýanyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygynda beýan edilen halkara teklipleri BMG-niň çäklerinde öňe sürmek üçin oňyn mümkinçilikleri döreder.

Mundan başga-da, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisinde «Merkezi Aziýa — Hazar sebiti» atly parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagyny döretmek baradaky başlangyjy beýan etmek teklip edilýär.

Onuň şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitinde hukuk taýdan berkidilmegi maksadalaýyk hasaplanylýar.

Aşgabatda ýerleşýän Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi bilen bagly, Türkmen tarapynyň başlangyjy bilen şu ýylda kabul edilen BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýörite Kararnamasyny amala aşyrmagyň çäklerinde, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisiniň dowamynda halkara hyzmatdaşlygyň Ýaşlar üçin öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy ýaly halkara hyzmatdaşlygyň görnüşlerini ösdürmek meýilleşdirilýär.

Mejlisiň barşynda Milletler Bileleşigine BMG-niň Kontrterrorçylyk müdirliginiň halkara taslamalar boýunça Aşgabatdaky edarasyny açmak meselesine seretmek teklip ediler.

Ýurdumyz Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň agzasy bolmak bilen, Durnukly Ösüş Maksatlaryny (DÖM) amala aşyrmakda BMG-niň sebit ykdysady guramalary bilen gatnaşyklary ösdürmek meselelerine uly ähmiýet berýär. Bu babatda Türkmenistanyň Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde ýurdumyz tarapyndan BMG bilen YHG-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hakynda Baş Assambleýanyň Kararnamasynyň taslamasy taýýarlanyldy. Bu resminamany kabul etmek we 76-njy mejlisiň dowamynda onuň düzgünlerini ýerine ýetirmek üçin degişli halkara çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.

Durnukly Ösüş Maksatlarynyň biri bolan energiýa çeşmelerine ählumumy elýeterliligi üpjün etmek maksady bilen, Birleşen Milletler Guramasynyň “Hemmeler üçin durnukly energiýa” atly başlangyjy bilen bilelikde bu mesele boýunça halkara forumy guramak teklip edilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň durnukly ulag ugurda halkara hyzmatdaşlygyny berkitmäge gönükdirilen tekliplerini durmuşa geçirmek bilen 2022-nji ýylda Türkmenistanda deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlaryň ministrleriniň halkara maslahatyny guramak göz öňünde tutulýar. Mundan başga-da, BMG-niň howandarlygynda Sebitara ulag aragatnaşygyny ösdürmek boýunça Ýörite maksatnamanyň döredilmegini teklip etmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Şeýle hem milli Liderimiziň BMG-niň çäklerinde pes uglerodly energiýany ösdürmek boýunça Strategiýany hem-de wodorod energetikasyny ösdürmek üçin halkara “Ýol kartasyny” düzmek baradaky tekliplerini durmuşa geçirmek üçin işleri amala aşyrmak göz öňünde tutulýar. Şu maksatlar bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi boýunça guramasy (UNIDO), Daşky gurşaw boýunça Maksatnamasy (UNEP) hem-de Ösüş Maksatnamasy (UNDP) bilen hyzmatdaşlygy güýçlendirmek teklip edilýär.

Dünýäde emele gelen migrasiýa ýagdaýlaryny nazara alyp, BMG-niň Bosgunlaryň işi boýunça Ýokary komissarynyň müdiriýeti hem-de Halkara Migrasiýa Guramasy bilen gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksadalaýyk hasaplanylýar.

Birleşen Milletler Guramasynyň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) işine ýurdumyzyň gatnaşmagyny giňeltmek teklip edilýär. Hususan-da, Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň Hökümetara okeanografiýa komissiýasynyň Ýerine ýetiriji geňeşiniň hem-de Bedenterbiýe we sport boýunça Hökümetara komitetiniň agzalygyny doly möçberde ulanmak hem-de ýurdumyzyň bu guramanyň Halkara gidrologiýa maksatnamasynyň Hökümetara geňeşine 2021 — 2025-nji ýyllar üçin saýlanylmagyny üpjün etmek göz öňünde tutulýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary boýunça öňe sürýän anyk täze başlangyçlary BMG bilen köpugurly strategik hyzmatdaşlygy alyp barmaga ýardam berýär we ýylsaýyn täze many-mazmun bilen baýlaşýar.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Birleşen Milletler Guramasynyň BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen Garaşsyz döwletimiziň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy strategiýasynyň milli bähbitlere hem-de dünýä bileleşiginiň uzak möhletli maksatlaryna gabat gelýändigini nygtady.

Mejlisde döwlet Baştutanymyz “Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işini kämilleşdirmek hakynda” we “Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň maliýe meseleleri hakyndaky” Kararlara gol çekdi.

Eziz Diýarymyzyň durnukly ösüşini üpjün etmek hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu syýasy ugruň yzygiderli durmuşa geçirilmegi bilen Türkmenistan bu gün dünýä hojalyk gatnaşyklary ulgamyna işjeň goşulyşýan durnukly ykdysadyýeti bolan ýurda öwrüldi.

Dünýä hojalyk gatnaşyklarynyň ählumumy ulgamynda dowam edýän çylşyrymly ýagdaýlara garamazdan, «Fitch Ratings» halkara agentligi tarapyndan Türkmenistana ilkinji gezek kesgitlenen derejeleriň berilmegi munuň subutnamasydyr. «Fitch Ratings» agentligi tarapyndan Türkmenistan üçin berlen halkara derejeleriň döwletimiziň halkara maliýe abraýyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyza çekilýän maýa goýumlarynyň mukdaryny artdyrmaga we karzlaryň şertlerini ýeňilleşdirmäge, Türkmenistanyň daşary ykdysady işiniň has-da ösmegine we abraýynyň artmagyna ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz milli ykdysadyýetimiziň esasy pudagynyň serişdeler, ylmy-tehniki we eksport kuwwatyny pugtalandyrmaga gönükdirilen “Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyny” yzygiderli amala aşyrmagyň möhümdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz innowasion tehnologiýalary we öňdebaryjy ylmy-tehniki işleri ornaşdyrmagyň esasynda Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň önümçilik desgalaryny has-da döwrebaplaşdyrmak babatda anyk görkezmeleri berdi. Bu işleriň geçirilmegi ýurdumyzda hem-de dünýä bazarynda uly isleg bildirilýän önümleriň möçberini artdyrmaga ýardam eder.

Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek, ýurdumyzda gurluşyk we senagat pudagynyň edara-kärhanalarynyň işini has-da kämilleşdirmek we bazar gatnaşyklary üçin amatly şertleri döretmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda “Türkmen kaolin” açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetini döretmäge esaslandyryjy hökmünde Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň Balkan kän müdirligine — esaslyk maýadaky paýy 49 göterim möçberde paýly gatnaşmaga ygtyýar berildi.

Balkan kän müdirliginiň Kaolin önümhanasynyň guramaçylyk-hukuk görnüşiniň üýtgedilmegi we durkunyň täzelenilmegi kärhananyň öndürijiligini artdyrmaga mümkinçilik berer hem-de täze iş orunlaryny döretmäge we daşary ýurtlardan zerur çig maly satyn almaga sarp edilýän serişdeleri tygşytlamaga ýardam eder.

Garabogazköl aýlagynyň gidromineral baýlyklarynyň binýadynda sulfat önümçiligini ýola goýmak meýilleşdirilýär. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni hem-de Ylymlar akademiýasynyň Himiýa instituty tarapyndan geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde, aýlagyň mineral duzlarynyň düzüminiň natriý we magniý sulfatlary, magniý hloridi, litiý hem-de onuň birleşmeleri, magniý oksidi, magniý metaly ýaly himiki elementlere baý gorlarynyň bardygy tassyklanyldy.

Ekologiýa taýdan arassa täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak hem-de bu täsin tebigy desganyň gorlaryny senagat möçberinde özleşdirmegiň ykdysady taýdan maksada laýykdygyny kesgitlemek üçin tehniki-ykdysady esaslandyrmasyny taýýarlamak zerurdyr.

Şäherlerde we obalarda toplumlaýyn düzümleri düýpli döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen yzygiderli amala aşyrylýan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy wezipesidir. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly, ýurdumyzda halkymyzyň döredijilikli zähmet çekmegi we bagtyýar durmuşy üçin ähli zerur şertler döredilýär.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde döwlet Baştutanymyz Mary şäherindäki “Türkmeniň Ak öýi” binasynyň ýanynda 3000 orunlyk köpçülikleýin dabaraly çäreleri geçirmäge niýetlenen binanyň gurluşygy barada Karara gol çekdi. Bu durmuş-medeni maksatly iri desga gün-günden gözelleşýän welaýat merkeziniň täze ajaýyp künjegine öwrüler. Tiz wagtda bu ýerde döwrebap ýaşaýyş toplumy, Baýramaly şäherinde bolsa haly önümhanasy ulanylmaga berler.

Şeýle hem Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda gurlan dokma toplumynyň açylyşyna taýýarlyk görülýär. Meşhur daşary ýurt önüm öndürijileriň enjamlary bilen üpjün edilen pudagyň täze kärhanasy ýylda 3 müň 650 tonna ýüplük, 12 million inedördül metr dürli görnüşli matalary hem-de 1 million 200 müň sany taýýar tikin önümlerini öndürmäge niýetlenendir.

Kärhananyň ulanylmaga tabşyrylmagy bilen, 1 müň 300 täze iş orunlary dörediler, öndürilýän ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümler bolsa ýurdumyzyň içerki bazarynyň sarp edijiligini üpjün etmek bilen birlikde, eksport kuwwatlyklaryny artdyrmaga-da mümkinçilik berer.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyza “Awtoulag serişdeleriniň sürüjilerini taýýarlamak we gaýtadan taýýarlamak hakyndaky” Düzgünnamany kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler hakynda hasabat berildi.

Resminamada awtomobil mekdepleriniň işleri bilen bagly meseleler düzgünleşdirilýär hem-de oňa sanly tehnologiýalara esaslanýan elektron okuwy peýdalanmak göz öňünde tutulýar.

Ministrler Kabinetiniň mejlisinde milli Liderimiz Türkmenistanda toý we beýleki dabaralarda medeni hyzmatlaryň amala aşyrylmagyny döwlet tarapyndan düzgünleşdirmek hakyndaky Düzgünnamany tassyklady. Bu resminama degişli ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralar bilen bilelikde milli Liderimiziň öňki beren tabşyryklarynyň hem-de “Medeniýet hakynda” Türkmenistanyň Kanunynyň esasynda işlenip taýýarlanyldy.

Mundan başga-da, döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilmegi meýilleşdirilen çäreleriň, şol sanda her ýyl geçirilýän “Garaşsyzlygyň merjen däneleri” bäsleşiginiň döwlet tapgyrynyň, dabaraly harby ýörişiniň, şeýle hem beýleki şanly seneler mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegiň zerurdygyny nygtady.

Geçen hepdede Aşgabadyň Olimpiýa şäherçesinde Tokio şäherinde geçirilen tomusky Olimpiýa oýunlarynda agyr atletika boýunça 59 kilograma çenli agram derejesinde çykyş edip, Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň taryhynda ilkinji gezek kümüş medala mynasyp bolan ildeşimiz Polina Gurýewa ýokary sylagy gowşurmak dabarasy geçirildi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permany bilen, zehinli türgene “Türkmenistanyň at gazanan sport ussady” diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň Buýrugy bilen, türgene 2020-nji ýylda öndürilen, ak reňkli “Leхus LХ570 Sport Plus” kysymly awtoulagy, Aşgabat şäheriniň amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlaryndan üç otagly öýi we 50 000 (elli müň) amerikan dollary möçberinde pul baýragy sowgat berildi.

Hormatly Prezidentimiz Gutlagynda türgenleri bu ajaýyp üstünlik bilen gutlap, munuň ýurdumyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramyna iň gowy sowgat bolandygyny nygtady.

Şeýlelikde, geçen hepdäniň wakalary milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tutuş halk hojalyk toplumynyň senagatlaşdyrylmagynyň depginini güýçlendirmek, baý tebigy serişdelerimizi rejeli we netijeli ulanmak, ýurdumyzyň gülläp ösmegi üçin iň amatly şertleri döretmek, halkymyzyň durmuş derejesini ýokarlandyrmak, her bir türkmenistanlynyň öz işinde belent derejä ýetmegi bilen bagly düýpli oýlanyşykly ylmy esasly ykdysady strategiýasynyň aýdyň beýany boldy.