Türkmenistanyň Prezidenti Mary welaýatynyň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin niýetlenen «Tiz kömek» awtoulaglaryny gowşurdy

Döwlet Baştutanymyz Mary welaýatyna iş saparynyň dowamynda Mary şäheriniň Saglygy goraýyş we anyklaýyş merkezine bardy. Bu ýerde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyndan Mary welaýatynyň etraplarynyň we şäherleriniň hassahanalarynyň çagalar bölümleri üçin niýetlenen «Tiz kömek» awtoulaglarynyň onusyny bermek barada karara gelendigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrine ähli zerur enjamlar bilen üpjün edilen ýörite awtoulaglaryň açarlaryny gowşuryp, halkymyzyň, aýratyn-da, körpe nesillerimiziň saglygyny goramak bilen baglanyşykly meseleleriň döwletimiziň üns merkezinde hemişe saklanjakdygyny belledi.

Saglygy goraýyş ulgamynyň ähli işgärleriniň adyndan ýaş nesiller we ýurdumyzyň lukmançylyk edaralarynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli döwrebaplaşdyrmak ugrunda edýän aladasy üçin, milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk sözleri aýdyldy.