Ukrain kompaniýasy Türkmenistana ýokary hilli turbalary eksport etdi

UPJ - ýokary hilli we ýarym ýokary hilli polat turbalaryň birleşdirijisidir.

2021-nji ýylyň başyndan bäri Ukrainanyň senagat kompaniýasy “Interpipe” Türkmenistana 1 müň 200 tonna nebiti geçirmek üçin ulanylýan ýokary hilli turbalaryny eksport etdi. Bu barada “metalinfo.ru” elektron žurnalynda sişenbe güni habar berildi.

Habara görä, Türkmenistandaky nebit we gaz ýataklaryny özleşdirmekde işleri alyp barýan “Ýugneftegaz” kompaniýasy ukrain kompaniýasyndan 600 tonna ýokary hilli UPJ-P hyrly oturtma we sorujy-gysyjy turbalary satyn aldy. Şeýle-de UPJ-F birleşdiriji bogunsyz birikmeleri bolan önümleri sargyt etmek boýunça gepleşikleri geçirýär.

Mundan başga-da, şu ýylyň başynda “Interpipe” kompaniýasy “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasy bilen şertnama baglaşdy. Şertnama laýyklykda kompaniýa maý-iýul aýlarynda 600 tonnadan gowrak ýokary hilli UPJ birikmeli turbalary iberdi. Şeýle hem kompaniýa 2021-nji ýylyň ahyryna çenli şertnama boýunça galan 400 tonna turbalary ibermegi meýilleşdirýär.

“Interpipe” sepsiz turbalary we otlular üçin niýetlenen tigirleri öndüriji ukrain kompaniýasydyr. Kompaniýanyň önümleri GDA, Ýakyn Gündogar, Demirgazyk Amerika we Ýewropa ýurtlaryna eksport edilýär.

UPJ (Ukrainian Premium Joint) turbalary “Interpipe” kompaniýasy tarapyndan döredilen ýokary hilli we ýarym ýokary hilli polat turbalaryň birleşdirijisidir.