Tebigatyň täzelenmegini, bagtyýarlygy we abadançylygy alamatlandyrýan Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz baýramy milletimiziň agzybirligini we jebisligini berkitmäge, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam berýär.

Türkmen halky zeminiň dört paslynyň ähli öwüşginine eýe bolan bereketli topragyň eýesidir. Ynsan kalbyna mähir paýlaýan bahar paslynyň gelmegi bilen türkmen tebigaty al-elwan güllere, daş-töwerek çagalaryň şadyýan gülkülerine beslenýär.

Hormatly Prezidentimiziň eýe eden Berkarar döwletmiziň bagtyýarlyk döwrüniň hözirini görüp ýaşaýan ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary-da bereketli türkmen topragyna her ýyl mübärek gadamyny goýýan Milli bahar baýramyny ýagşy arzuwlar, dilegler bilen mähirli garşy alýarlar, mukaddes öý-ojagynyň hem-de kalplarynyň töründen uly orun berýärler. Nowruz ýer ýüzündäki halklary jebisleşdirýän baýramçylyklaryň iň naýbaşylarynyň biridir. 

Aslynda, bahar paslynyň gelmegi bilen täzelik, gözellik bütin äleme nur çaýyp, her bir adamyň kalbynda begenç we şatlyk duýgularyny oýarýar.

Ata-babalarymyzdan gelýän däbe eýerilip, maşgalalarda giňden ýazylýan saçaklar dürli-dümen naz-nygmatlar, datly tagamlar bilen bezelýär, semeni taýýarlanylýar. 

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda her bir günümiz üstünliklere beslenip, Watanymyzyň şöhratly taryhyna altyn harplar bilen ýazylýar. ªeýle ösüşleriň sakasynda bolsa, hormatly Prezidentimiziň öz halky üçin edýän ýadawsyz aladalary durýar.

Bizi şeýle bagtyýar zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak, halk bähbitli, ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaç bolsun!