ULY  JOŞGUN  BILEN

                                                                  

Ata-babalarymyz “Malym — janym” diýip, ýöne ýere aýtmandyrlar.  Welaýat oba hojalyk önümçilik birleşigine degişli bolan Serhetabat etrabynyň maldarlary hem şeýle  ýörelgeden ugur alyp, hormatly Prezidentimiziň   berýän  çäksiz  kömek-goldawlaryndan ruhlanyp, gaýratly zähmet çekýärler. Olar giň sähranyň ýaýlalarynda  goýun-geçileriň baş sanyny artdyrmak, önümçiligini ýokarlandyrmak ugrunda yhlaslaryny gaýgyrmaýarlar.

Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynyň owlak-guzy möwsüminde etrabymyzyň maldarçylyk hojalyklary boýunça ýyllyk şertnamalaýyn meýilnama 110 göterim amal edildi. Şeýlelikde täze 67 sany tokly sürüsi döredilip, ussat çopanlara tabşyryldy. Etrabymyzyň ýokary görkezijilere eýe bolmagynda “Guşgy”, “Galaýmor”, “Ýeňiş”, “Çemenabat”, “Serhetçi” maldarçylyk hojalyklarynyň çopan-çoluklarynyň goşantlary uludyr. Ýaryşyň ýeňijilerine ýadygärlik sowgatlaryny gowşurýarys.

Giň sähranyň eýeleri bolan çopan-çoluklaryň her bir güni edermenlige beslenýär.

Etrabymyzyň maldarlary mundan beýläk-de öz borçlaryna abraý bilen hötde gelmäge çalyşýarlar. Ata Watanymyzyň ösüşlerine, azyk bolçulygyna öz mynasyp goşantlaryny goşmaga çalyşýan maldarlarymyzyň gadamlary batly. Maldarlarymyz hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 25 ýyllygynyň toýuna uly joşgun bilen barýarlar.