«Visa» şereketi  tölegler üçin «USD Coin» kriptowalýutasyny ulanmaga mümkinçilik berer

Bütin dünýä boýunça 3,3 milliard sany kredit karty ulanylyşda bolan «Visa» şereketi, töleg ulgamynda söwda etmeklik üçin «USD Coin» kriptowalýutasyny ulanmaga mümkinçilik berjekdigi habar berdi.

Bäsdeşleri «Mastercard», «BlackRock» we «BNY Mellon» ýaly esasy maliýe guramalaryndan soň, «Visa» şereketi hem kriptowalýutalaryny ulanmagy kabul etdi

«Visa» şereketinden berlen beýanda töleg ulgamynda söwda etmeklik üçin kompaniýanyň «USD Coin» kriptowalýutasyny ulanmaga mümkinçilik berjekdigi resmi taýdan yglan edildi. Şeýle hem, kompaniýa töleg we kriptowalýuta platformasy «Crypto.com» bilen synag meýilnamasyna başlandygyny habar berdi.

«Visa» şereketi şu ýyl «USD Coin» kriptowalýutasyny has köp hyzmatdaşa hödürlemekligi meýilleşdirýändigini mälim etdi we özüniň baglaşan şertnamasyna laýyklykda kompaniýanyň «Visa» kartyny ulanyjylara gönüden-göni «USD Coin» kriptowalýutasynyň esasynda geleşiklere ygtyýar berjekdigini habar berdi.

Gymmaty ABŞ-nyň dollary esasynda 1:1 gatnaşygynda kesgitlenen «stabilcoin» kriptowalýutalarynyň bir görnüşi bolan «USD Coin» kriptowalýutasyny ulanmaklyk babatda şertnama gol çekenden soň, «Visa» şereketi, takmynan 50 milliondan gowrak işjeň ulanyjy bilen, «Coinbase», «Crypto.com», «BlockFi» we «Bitpanda» ýaly 35 sany sanly walýuta platformasy bilen hyzmatdaşlyk eder.

Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, dünýäde 3,3 milliard sany adam «Visa» kartyny ulanýar.

«Visa» şereketiniň kriptowalýuta bölüminiň başlygy Kuý Şeffild: «Kriptowalýuta babatda hyzmatdaşlarymyzyň köpüsiniň «USD Coin»-de amallaryny gurýandygyny we ulanýandygyny gördük. Olaryň köpüsi işgärlerine we satyjylaryna «stabilcoin» kriptowalýutasy bilen töleg geçýär. Biziň baglaşan şertnamamyz bu babatdaky sazlaşygyň tebigy alamatydyr.» -diýip belledi.