Wajyp pudak

     Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňden görüjilikli siýasaty esasynda ýurdumyzyň  senagatynyň ösüşine  aýratyn  üns berilýär. Bu pudakda her ýyl täze senagatdesgalary işe girizilýär. Hormatly Arkadagymyz: “Berkarar döwletiň  bagtyýar döwründe gurýan we  döredýän ahli zatlarymyz iň ýokary talaplara laýyk gelip, diňe bir  häzirki nesillerimize däl-de, türkmen halkynyň geljekki nesillerinede gulluk etmelidir“ diýýär. Biziň binagärlerimiz, gurluşykçylarymyz    çekýän zähmetleri üçin Hormatly Prezidentimiziň irginsiz edýän aladalaryna minnetdardyrlar.

1_9

 

2_11

 

     

     Türkmengala etrabynda hem Garaşsyzlyk döwründe birnäçe senagat desgalary guruldy. Olaryň hemmesi doly güýjünde işleýärler. Muňa mysal edip Türkmenistanyň dokma senagaty minstrliginiň garamagyndaky Türkmengala etrabynyň kagyz dükjelerini öndürýän  fabrigini görkezmek bolar. Bu fabrigiň esasy önünçilik ugry biziň Watanymyzyň dokma senagatynyň kärhanalaryny we fabriklerini kagyz dükjeleri bilen üpjün etmek bolup durýar. Bu ýerde öňde baryjy Ýewropa döwletleriniň we Turkiýäniň önüm öndüriji enjamlary gurnalan we ýola goýlan. Önüm üçin çig mal Türkiýe pespublikasyndan haryt çalşygy  esasynda getirilýär. Zähmetiň sazlaşykly guralmagy, önümiň ýokary hilli  bolmagyna ýardam edýär. Bir iş gününiň dowamynda bu ýerde – 1,51; 4,20; 5,57 dürli ölçegli 80 müňe golaý kagyz dükjesi öndürilýär. Fabrigiň  agzybir işgärleri önüm öndürmekligiň meýilnamasyny öz wagtynda  üstünliki ýerine ýetirýärler. Milli Liderimize bolan minnetdarlyk sözlerini  fabrigiň işçilerinden her günde eşitmek bolýar.

3_10

 

4_3