Türkmeniň geçmiş taryhyny atsyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Müňýyllyklaryň dowamynda türkmen seýisleri, türkmen atlarynyň tohumyny kämilleşdirip, gözelligi we ajaýyplygy boýunça deňi-taýy bolmadyk atlary ýetişdiripdirler. Döwletimiz Garaşsyzlygyny alandan soň, ýörite tohum atlary bakyp bejerip, olardan has kämil, owadan, ýyndam tohum atlary ýetişdirilýär hem-de olary dünýä aýan etmekde dürli çäreler geçirilýär. 

Atalaryň pähiminden dörän nakyllaryň aňyrsynda türkmeniň öz atyna bolan söýgüsini, mähremligini, buýsanjyny doly görmek bolýar: “Säher turup, ataňy gör, ataňdan soň — atyňy”, “Ataň barka, dost gazan, atyň barka ýol gazan”,“At ýigidiň uçar ganaty, wepaly dostudyr”. 

1999-njy ýylda dünýäniň çempiony bolan Ýanardagyň buýsançly keşbi Türkmenistanyň Döwlet tugrasynda ýerleşdirildi. Türkmen öz behişdi bedewine bolan söýgüsini olary iň gözel haly önümleri, şaý-sepler bilen bezäp görkezýär. 

Ähli döwürlerde-de türkmenleriň uçar ganaty ahalteke bedewine bolan söýgüsi bimöçberdir. Şeýle-de, türkmen atlaryny kyn gününde-de, toý gününde-de iň ýakyn hossary hökmünde görýär. Ata Watany ata çykyp gorapdyrlar, türkmen toýlarynda bolsa at oýunlaryny, at çapyşyklaryny gurapdyrlar. 

Her ýylda biziň ýurdumyzda aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde milli bedew baýramy bellenilýär. Toý gününde türkmen bedewini has-da bezäpdir. Zergärler tarapyndan atlar üçin ýörite niýetlenip ýasalan dürli şaý-sepleri dakypdyrlar. Halkyň köňli, ýüregi, ykbaly, durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşykly türkmen bedewi owal-ahyr erkinligiň aýdymy diýmekdir, bedew atyň görki-görmegi, behişdi keşbi şol erkinligi döredýän gözellikdir.