Orta asyrlarda welaýatymyzyň çäginde has gülläp ösen, taryhda örän uly yz goýan Merw şäheri mongol basybalyjylary tarapyndan uly weýrançylyga sezewar bolýar. Şeýle weýrançylygy başyndan geçiren hem bolsa, onuň üstünden Beýik Ýüpek ýolunyň geçmegi bilen onuň örän baý söwda merkezi bolandygyna taryh şaýatlyk edýär. Murgap derýasynyň aşak akymynda adam ýaşaýşyna örän amatly bolan, haýsy ekini ekseň, örän ýokary hasyl alyp bolýan örän ajaýyp ýer bolupdyr. Adamzat ýaşaýşy üçin ähli mümkinçilikleri bolan Gadymy Merwiň weýran bolan we harabaçylyga öwrülen şäheri XII asyryň aýaklaryna täzeden gülläp ösüp başlaýar.

1419-njy ýylda Gadymy Merwiň günorta tarapynda häzirki wagtda Abdyllahan diýlip atlandyrylan daşy belent diwar bilen gurşalan şäher bina edilipdir. Bu şäher XVI asyryň ahyrlarynda az wagt hökümdar bolan Buhara hany Abdylla hanyň ady bilen baglanyşdyrylypdyr.

1454 — 1457-nji ýyllarda Merw Teýmirleriň agtygy Sanjar Mürzäniň mülki bolupdyr. Ol öz hökümdarlyk eden döwründe Abdyllahan galasynyň günorta-gündogarynda täze şäher gurdurypdyr. Onuň harabalyklary häzirki günde Baýramalyhan gala ady bilen bellidir.

Abdyllahan galanyň çäginden tapylan taryhy gymmatlyklaryň içinde içi syrçalanan keramiki önümler bolan çyradanlaryň örän täsinleriniň bardygy anyklanyldy. Tapylan keramiki önümleriň syrçaly görnüşleri şol galada köp ussahanalaryň bolandygyna şaýatlyk edýär. Şeýle taryhy gymmatlyklar «Gadymy Merw» taryhy-medeni döwlet goraghanasynyň ýaş alymlary we hünärmenleri tarapyndan 2019-njy ýylyň ýazky hem güýzki möwsüminde tapyldy hem-de olar welaýatymyzyň taryhy we ülkäni öwreniş muzeýiniň gaznasyna uly dabara bilen tabşyryldy.

Şu günki günde Abdyllahan galasynda gazuw-agtaryş işleri dowam etdirilýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap ýurdumyzda şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllygynyň toýlanylýan ýylynda şeýle taryhy gymmatlyklardan edara-kärhanalarda yzygiderli sergiler guramak bilen baýramçylyklara mynasyp goşandymyzy goşýarys. Ýaş neslimiziň ruhubelent, ylymly-bilimli, edep-ekramly bolup ýetişmekleri üçin biz yzygiderli wagyz-nesihat işlerini geçirmegi dowam etdirýäris.

Bize ýaşamaga, döretmäge uly mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza köp sagbolsun aýdýarys.

Goý, milli Liderimiziň jany sag bolsun! Il-ýurt, adamzat ähmiýetli alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!