ÝARYŞLY IŞ — ÝEŇIŞLI IŞ


Şanly Bitaraplygymyzyň 25 ýyllyk toýunyň toýlanyljak ýylynda welaýatymyzyň oba hojalyk işgärleri 180 müň gektar meýdanda pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Altyn güýzüň sahawatly günlerinde bereket hasylyny zaýasyz we çalt ýygnap almak işleri güýçli depginlerde dowam edýär. Şanly toýa zähmet sowgatly barmagy maksat edinýän hasyl ussatlary has-da tijenip, tutanýerli zähmet çekip, her günlerini edermenliklere besleýärler.

Ýakynda biz, Mary etrabynyň “Milli Goşun” daýhan birleşiginiň pagta meýdanlarynda bolanymyzda, pagtaçy kärendeçileriň yhlasy bilen ýetişdirilen pagta hasylynyň ýygnalyşy barada gyzyklanyp, daýhan birleşiginiň başlygy Akmyrat Ýalkabow bilen gürrüňdeş bolduk:

—Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýyly hem biziň üçin düşewüntli ýyllaryň biri boldy. Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz tagallalary netijesinde berilýän kömek-goldawlardan ruhlanyp işleýän pagtaçy kärendeçilerimiz pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdirdiler. Şu görýän pagta meýdanyňyzda kärendeçiler Enejan Agaýewanyň 3 gektar, Tylla Agaýewanyň 2,5 gektar, Serdar Agaýewiň 3 gektar, Muhammetberdi Ataýewiň 2,5 gektar ekin ýerleri bolup, meýilnama boýunça ýetişdirilen pagtany kombaýnlarynyň kömegi bilen ýygmagy karar etdik. Wagtynda gowaçanyň defoliýasiýa işleri geçirilip, çiller tekizlenip pagta meýdany ýygyma taýýar edildi. Häzirki wagtda, hormatly Prezidentimiziň daşary ýurtlardan satyn alyp beren, iň ýokary tehnologiýalar bilen üpjün edilen, iş öndürijiligi ýokary, ähli amatlyklary göz öňünde tutulan, telematik sanly ulgam bilen enjamlaşdyrylan “John Deere 9970” kysymly pagta ýygyjy kombaýnlar öndürijilikli işläp, ýokary hil derejesini görkezýärler. Pagta ýygymy möwsüminiň öňýanynda welaýatymyza getirilen bu kombaýnlara işine ökde, tejribeli mehanizatorlar Halnepes Şamyradow, Serdar Orazow, Ahmet Bäşimow, Ýazmyrat Meredow ussatlyk bilen erk edýärler. Yzly-yzyna dolýan pagtaly bunkerleri awtoulaglara agdaryp, Marynyň pagta arassalaýjy kärhanasyna ugradýan pagtaçy kärendeçiler, özleri hakynda edilýän atalyk aladalar üçin milli Liderimize hoşallyk sözlerini aýdýarlar.

Dogrudanam, biziň howa — — toprak şertlerimize niýetlenen pagta ýygyjy kombaýnlaryň ak gara bäs edýän pagtany hanalardan saplap, arassa we zaýasyz ýygyşyna haýran galýarsyň. Kombaýnlaryň sazlaşykly işleriniň netijesinde iş öndürijiligi artýar.

Günortan arakesme wagty bu ýerde etrap häkimliginiň guramagynda etrabyň jemgyýetçilik guramalary, etrap medeniýet bölümi bilen pagtaçylaryň armasyny ýetirmek üçin aýdym-sazly medeni çäre geçirildi.

— Etrabymyz boýunça 19300 gektar meýdanda pagtanyň bol hasylyny ösdürip ýetişdiren pagtaçy kärendeçilerimiz, 35900 tonna pagtany Watan harmanyna goşant etmegi meýilleşdirýärler. Bu işde, etrabymyzyň “Zarpçy”, “Hakykat”, S. Nyýazow adyndaky daýhan birleşikleri görelde görkezýärler.

Adaty bolşy ýaly, pagta ýygymy möwsüminiň öňýanynda etrap häkimligi etrap jemgyýetçilik guramalarynyň gatnaşmagynda pagta ýygymynyň öňdebaryjylaryny ýüze çykarmak üçin bäsleşik yglan edýär we medeni çäreleriň meýilnamasyny tassyklaýar.

Biz bäsleşikleriň jemini yzygiderli jemläp, ýeňijileri Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglaýarys — diýip, TDP-niň etrap komitetiniň başlygy Saparmyrat Gylyjow biz bilen gürrüňdeş bolanynda aýtdy.

Bagşy-sazandalaryň belentden ýaňlanan owazlary, aýdymçylaryň labyzly aýdymlary günorta arakesmesine çykan pagtaçylara ruhy lezzet paýlady.