Mähriban Arkadagymyzyň tagallasy bilen ýokary derejede ösdürilýän ylym-bilim ulgamy giňden durmuşa ornaşdyrylýar. Ýaşlaryň bilim almagy, saýlap-seçen hünärleriniň eýeleri bolmagy üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýyl-ýyldan pajarlap ösýän eziz Diýarymyzda dünýä ülňülerine laýyk gurlan we enjamlaşdyrylan täze mekdepler, çagalar baglary yzygiderli ulanylmaga berilýär. Ösüp gelýän ýaş nesle döwrebap bilim we terbiýe bermekde mugallymlaryň paýyna jogapkärli wezipe düşýär. Şeýle wezipeden paýly bolan Oguljemal Işangulyýewa Serhetabat etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň başlangyç synp mugallymy bolup, yhlasly zähmet çekýär. Oguljemal mugallym 2017-nji ýylda Daşoguzdaky Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebini üstünlikli tamamlady. Şondan bäri mugallymçylyk kärinde halal zähmet çekip, gül Watanymyzyň gujagynda erkana ýaýnaýan ýaş nesle bilim-terbiýe berip, olary halkymyza gerekli ýaşlar bolup ýetişdirmek işine öz mynasyp goşandyny goşýar. 
Oňa mekdebiň tejribeli mugallymy Baýramgül Myradowa halypalyk edýär. Ýaş mugallym halypasynyň göreldesine eýerip, onuň baý iş tejribesini ele alýar. Ol çagalaryň içki dünýäsine aralaşyp, ertekili kitaplaryň, gyzykly gürrüňleriň üsti bilen olaryň aň-düşünjelerini ösdürip, gözýetimlerini giňeldýär. 
Oguljemal Işangulyýewa häzirki wagtda 1-nji “A” synp okuwçylaryna döwrebap bilim-terbiýe berýär.