Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmek, tokaý zolaklaryny döretmek we ekilen bag nahallaryna ideg etmek maksady bilen Arkadag Prezidentimiz “Türkmenistanda 2021-nji ýylda bag ekmek hakynda” Karara gol çekdi. Şol Karara laýyklykda, Türkmenistanda 2021--nji ýylyň 20-nji martynda ählihalk bag ekmek dabarasyny geçirmek bellenildi. 

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe eziz Diýarymyzda bag nahallaryny ekmek, ýaşyl zolaklary döretmek boýunça uly işler durmuşa geçirilýär. Gahryman Prezidentimiz ekologiýa abadançylygyna aýratyn uly üns berýär. Ýurdumyzda her ýylyň ýaz, güýz pasyllarynda bag ekmek boýunça ählihalk dabarasy geçirilýär.

Milli Liderimiz giň gerimli Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine Türkmenistanyň ähli ilatynyň gatnaşmagyna möhüm ähmiýet berýär. Diýarymyzda asylly däbe öwrülen köpçülikleýin bag ekmek dabarasy umumymilli ähmiýetli işe dahylly bolmagy maksat edinýän adamlary bir ýere jemleýär. Şu ýylyň 20-nji martynda, ýurdumyzda, welaýatymyzda hem bag ekmekligiň ählihalk çäresi ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Geçen şenbe güni Mary — Aşgabat garaýolunyň ugrunda ýerleşýän Mary etrabynyň “Altyn asyr” daýhan birleşiginiň çäginde welaýat derejesinde geçirilen bag ekmek dabarasy giň gerimde ýaýbaňlandyryldy.

Bu çärä welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň, edara- kärhanalaryň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, talyp ýaşlar, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Olar bir-biregi Milli bahar baýramy we bag ekmek dabarasy bilen gutladylar. Ir säherden bu ýere ýygnanan toý mähellesi hatara ýerleşdirilen ak öýlere, täsirli sergilere uly gyzyklanma bilen syn etdiler. Al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl baýdaklar, welaýatymyzyň medeniýet we sungat işgärleriniň, bagşy-sazandalarynyň şirin owazy dabaranyň şowhunyny artdyryp, adamlara şatlyk paýlady.

Bu ýere ýygnananlar bag oturtmak üçin birkemsiz taýýarlanan 10 gektar ýerde il sylagly ýaşulularyň göreldesine eýerip, olaryň baş bolmagynda uly ruhubelentlik bilen dürli agaç nahallarynyň 4 müň düýbüni oturtdylar.

Umumymilli çäre bolan bag ekmek dabarasyna welaýatymyzyň ähli ýerlerinde, şäherdir etraplarynda, şäherçelerde, oba-kentlerde adamlar köpçülikleýin gatnaşdylar. Edara-kärhanalaryň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, medeniýet öýleriniň binalarynyň, sport desgalarynyň daş-töweregine bag nahallaryny oturtmak, öňden bar bolan agaçlaryň düýbüni agdarmak, ýumşatmak, olary timarlamak, agartmak hem-de arassalamak çäreleri geçirildi.