Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň oba hojalygynyň pagtaçylyk pudagyny ösdürmek barada hormatly Prezidentimiz taýsyz tagallalar edýär. Pudaga täze tehnologiýalaryň girizilmegi, daýhanlaryň tehnika we mineral dökünler bilen üpjün edilmegi, şeýle-de zyýankeşlere, kesellere, haşal otlara garşy göreşmek üçin himiki serişdeleriň berlip durulmagy nygtalmaly pursatlardyr.
Ekerançylyk meýdanlaryndan ýokary hasyl almakda, kada boýunça geçirilýän agrotehniki çäreler bilen bir hatarda, ekişde ulanylýan tohumlaryň ýokary hilli bolmagy zerurdyr. Şu nukdaýnazardan ugur alnyp, Ýolöten ylmy-önümçilik synag hojalygynda welaýatymyzda ekilýän gowaçanyň orta süýümli Ýolöten-7, Ýolöten-39 we inçe süýümli Ýolöten-14 sortlarynyň tohumçylyk işi alnyp barylýar. Bu hojalygyň ekerançylyk meýdanlarynda işler üç topara bölünip geçirilýär. Bu toparlarda ekiş aprel aýynda geçirilip, soňky ýyllarda ýokarda agzalan sortlaryň naýbaşy arkasynyň tohumlary her gektara 25 kilogram möçberde harç edilýär we bu meýdanlarda tohumlyk pagtanyň saýlantgy arkasy taýýarlanýar.
Bu hojalykda köpeldilýän gowaçanyň orta süýümli Ýolöten-7, Ýolöten-39 we inçe süýümli Ýolöten-14 sortlarynyň tohumçylyk işi tassyklanan usulyýet esasynda ylmy işgärler tarapyndan alnyp barylýar. Gowaçanyň ösüş döwründe bu sortlaryň ekilen tohumlyk meýdanlarynda arassalaýyş işleri geçirilip, olaryň daşky sypatynyň birmeňzeşligi gazanylýar. Şeýle-de, olaryň hojalyk ähmiýetli alamatlarynyň häsiýetnama laýyk bolmagyna üns berilýär.
Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda bu sortlaryň hasyly ýetişen mahalynda pagta el bilen ýyglyp, gowaçanyň orta süýümli Ýolöten-7 sorty boýunça 157,5 tonna, Ýolöten-39 sorty boýunça 207 tonna we inçe süýümli Ýolöten-14 sortundan hem 119 tonna saýlantgy tohumlyk pagta taýýarlanypdyr. Biz ýetişdirilen tohumlyk pagta barada gyzyklanyp, birinji toparyň ýolbaşçysy Myrat Rahmanow bilen gürrüňdeş bolanymyzda, ol:
— Ýurdumyzyň pagtaçylygyny ösdürmek boýunça Gahryman Arkadagymyz uly aladalar edýär. Belli bolşy ýaly, geçen 2019-njy ýylyň pagta hasylyndan başlap, pagtanyň satyn alnyş nyrhlary ýokarlandyryldy. Şonuň ýaly-da, öndürilýän tohumlyk pagtanyň arkasyna görä goşmaça tölegler tassyklandy. Öndürilýän nah pagtanyň naýbaşy arkasynyň 1 tonnasyna goşmaça 580 manat, saýlantgy arkasyna 430 manat tölenýän bolsa, ýüpek pagtanyň şu arkalaryna görä 800 we 600 manat tölenýär. Şeýle nyrhlaryň bellenmegi tohumçylyk işiniň kada laýyk geçirilmegine şert döredýär. Şu ýyl biziň ylmy-önümçilik synag hojalygymyzda taýýarlanan gowaça sortlarynyň tohumlyk saýlantgy arkalary 2021-nji ýylda welaýatymyzdaky daýhan birleşikleriniň tohumçylyk ekin meýdanlarynda ekiler.
Biziň özümizde ekmek üçin bu sortlaryň naýbaşy arkalary, ýagny Ýolöten-7, Ýolöten-39 sortlary boýunça hersi aýratynlykda 6 tonna, Ýolöten-14 sorty boýunça hem 4,5 tonna tohumlyk pagta taýýarlanyp, olar pagta arassalaýjy kärhanada arassalanar. Soňra olaryň çigidiniň daşyndaky sütügi himiki usulda Sakarçäge etrabyndaky tohumlyk pagtany arassalaýan kärhanada aýrylyp ýalaňaçlanar we olar ekilende gektara 25 kilogram möçberde sarp ediler. Ekiş Italiýanyň “Gaspardo” ekijisinde geçirilýär. Belli bolşy ýaly, biz şu ýylky ekişimizde Fransiýanyň 8 hatara ekýän “Monosem” ekijisini ulandyk we onuň bilen bir günde 71 gektarda ekiş geçirdik. Ekişiň täze tehnologiýalaryny ulanmak has peýdaly, ýagny, ýokary arkaly tohumlar tygşytlanyp, olaryň ekin meýdanyny giňeldip, hasyllylygy ýokarlandyryp bolýar. Şeýle-de, olaryň öndürijiligi ýokary bolup, ekişi gysga wagtda we kada laýyk geçirip bolýar. Ikinji tarapdan, gowaçany ýekelemek diýen agrotehniki çäre aradan aýrylýar we bular ykdysady tarapdan peýdalydyr.
Ekişiň täze tehnologiýalarynyň pagtaçylyga giňişleýin ornaşdyrylmagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oba hojalygyny ösdürmek baradaky aladalary bilen baglanşyklydyr we biz Gahryman Arkadagymyza çäksiz minnetdardyrys — diýip  nygtady.
Bu ylmy-önümçilik synag hojalygynda alnyp barylýan işlerden görnüşi ýaly, önümçilik serişdesi hökmünde ulanylýan gowaça sortlarynyň tohumçylygynyň usulyýete laýyk alnyp barylmagy we ekişiň täze tehnologiýasynyň giňişleýin ulanylmagy pagtaçylygy ösdürmäge uly ýardam eder.