Ýurdumyzyň mekdepleri üçin

Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde okuwçylaryň lybaslarynyň birnäçe görnüşleri we mekdep esbaplary Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine degişli Daşoguzdaky «Çeper» tikinçilik fabriginiň işgärleri tarapyndan öndürilýär. Ol önümlere gelşikli öňlükler we gyzlar üçin asyl nusgadaky penjekler, oglanlar üçin jalbarlar, zähmet öwreniş sapagy üçin ýörite iş geýimleri, mekdep torbalary degişlidir. Okuwçylara degişli hemme lybaslar we beýleki esbaplar Diýarymyzyň önümi bolan ýökary hilli, berk we ekologiýa taýdan arassa çig mallardan taýýarlanylýar. Müşderileriň uly isleginden peýdalanýan kärhana öz önümlerini, şu günler hereket edýän mekdep bazarlaryna iberýär.

Fabrikde alyjylaryň isleglerini nazara alyp, birnäçe ýyl mundan ozal kärhananyň önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak maksady bilen dikeldiş işleri geçirilip, birnäçe nusgalyklary öndürmäge ukyply, tikin işlerini ýokary hilli ýerine ýetirmäge we öndürilýän önümleriň görnüşlerini köpeltmäge mümkinçilik berýän ýokary öndürijilikli häzirkizaman enjamlary oturdyldy.

Toplanan tejribeleriň, ýokary ussatlygyň, döredijiligiň işjeň gözlegleriniň netijesinde ýerli ussatlar tabşyrylan tabşyryklary ýylyň-ýylyna üstünlikli ýerine ýetirýärler hem-de daşary ýurt harytlarynyň ýerini tutýan harytlary öndürýärler we ýurdymyzyň bazarlarynyň alyjylarynyň isleglerini kanagatlandyrýarlar. Diňe şu ýylda olar jemi 11 million manada golaý önüm öndürmegi maksat edinýärler.