Ýoldaş mugallym, «Zikge» näme? — diýip, inçemik garaja oglan ýerinden turup sorady. Onuň soranjaňlygyny gowy görýän edebiýat mugallymy garşylykly sowal berdi:
— Kimden eşitdiň bu sözi?
— Kakamdan.
— Nähili ýagdaýda aýtdy?
— «Maňa-da Ilmyradyňky ýaly welomotor alyp bersene» diýdim welin, ol: «Men zikge kakamok» diýdi.
— Dogry — diýip, mugallym birneme oýlanyp durdy-da, okuwçylaryna şeýle gürrüň berdi:
— Öňki wagtlarda metal (altyn, kümüş, mis, bürünç...) pullara «zikge» diýýär ekenler. Pul ýasalýan ýere-de «zikgehana», pul ýasamaga-da «zikge kakmak» ýa-da «zikgelemek» diýipdirler. «Men zikge kakamok» diýende, Ýazmyradyň kakasy ogluna: «Men pul ýasamok», ýagny «Pulum ýok» diýipdir.