Gripp keselinde sanjymyň ahmiýeti.

gripp.jpg

Gripp adamyň immunitedini peseldýär we dowamly keselleriň alamatlaryny we geçişini çuňlaşdyrýar. Bu kesel adam bedeninde köp sanly gaýra üzülmeleri ýüze çykarýar, ýagny:

1. öýkenleriň obstruktiw we obstruktiw däl keselleri;

2. otit (guilagyň sowuklamasy), kä mahal meningit (kelle beýni bardasynyň sowuklamasy) keseline geçmegi mümkin;

3. merkezi nerw ulgamynyň keselleri;

4. ýürek damar ulgamyna zeper ýetirmegi.

Gripp keseline garşy sanjymy (waksinasiýany) hökmany suratda ýygy keselleýän adamlara, dowamly kesellerden ejir çekýän adamlara: dem gysma, böwrek, süýjili diabet, ýürek – damar, merkezi nerw ulgamynyň kesellerinden ejir çekýän adamlara, 6 aýlyk çagalara, immun ýetmezçiliginden ejir çekýan adamlara geçirilýär.

    Ylmy barlaglaryň netijeleri boýunça her 100 sany sanjylan adamlardan 70 – 98 sanysy gripp keselinden goralýar. Eger-de sanjym edilen adam keselläýen ýagdaýynda hem gripp keseliniň ýüze çykaýan ýagdaýynda hem onuň ýeňil geçmegine we gaýraüzülmeleriniň ýüze çykmazlygyna ýardam berýändir. Diýmek, waksinasiýa gripp keseliniň garşysyna adam bedeniniň kesele durnuklyk ukybynyň ýokarlanmagyny döredýär. Şonuň bilen bir wagtda immunomodulýasiýa geçip, gripp keseliniň gürli görnüşinden hem goraýar.