Babadaýhanlarymyz yhlasly zähmet çekýärler!

1121.png    Türkmen topragy-rysgally, döwletli toprak. Babadaýhanlarymyz ak bugdaýyň gadymy mekany hasaplanylýan türkmen topragynda guşgursak bugdaýyň bol hasylyny ýetişdirýärler. Şu ýyl hem ýurdumyzda azyklyk dänäniň bereketli hasylyny ýetişdirmek ugrunda yhlasly zähmet çekilýär. Bol hasyl üçin ýadawsyz zähmet çekýän daýhanlarymyz däneleriň topraga atylan ilkinji günlerinden bäri aladalanýarlar. Şularyň hatarynda Ýolöten etrabynyň edermen gallaçy daýhanlaryny hem görkezmek bolar. Olar döredilýän giň mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, öňlerinde goýlan şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirmeklik üçin yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Etrabyň ähli daýhan birleşiklerinde ekilen bugdaýyň ösüş suwlaryny tutmak, dökünlemek, meýdan bejergisi ýaly işler öz wagtynda amla aşyryldy. Häzirki günlerde bolsa, barha ýakynlaşyp gelýän gyzgalaňly hem jogapkärli möwsüme, galla oragyny kärendeçi daýhanlar, mehanizatorlar, kombaýnçylar we awtoulag sürüjiler ýokary derejede  taýynlyk görýärler. Muny orak möwsümine taýýar edilip goýlan iň täze kysymly kombaýnlar we beýleki tehnikalaryň mysalynda görmek bolýar. Çekilen yhlasly zähmet özüniň oňaýly netijesini hem berer. Nesip bolsa, etrabyň edermen gallaçylary ak bugdaýdan emele geljek galla harmanlaryna mynasyp goşandyny goşarlar. Babadaýhanlaryň alyn derinden emele geljek ak bugdaýyň bol hasyly ýurdumyzda azyk bolçulygyny üpjün etmäge hem-de döwletimiziň ykdysady taýdan ösmegine, ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyna ýardam eder.